Nasreddin Hoja Festiwaly

Nasreddin Hoja Festiwaly

Türkiýäniň dünýä meşhur satira we ýumor gahrymany Nasreddin Hoja üçin 63 ýyldan bäri festiwal geçirilýändigini bilýäňizmi?

Türk medeniýetiniň esasy şahsiýetlerinden biri bolan Nasreddin Hojany hatyralamak üçin her ýylyň iýul aýynda Konýanyň Akşehir etrabynda Nasreddin Hoja festiwaly geçirilýär. Ilkinjisi 1959-njy ýylyň 21-nji iýununda geçirilen festiwal, Türkiýede uzak ýyllardan bäri dowam edýän festiwallardan biri.

13-nji asyrda ýaşap geçen türk halk ägirdi Nasreddin Hoja ýaşuly we ýaş nesilleri biri-birine jebisleşdirýän zehini bilen tanalýar.Güldürýärkä oýlandyrýan anekdotlary, öwüşginli we dana şahsyýeti, köle goýan umyt gönezligi, eşegi, sellesi we çäkmeni bilen Nasreddin Hoja Balkanlardan Orta Aziýa çenli bütin adamzada dostluk, parahatçylyk we hoşniýetlilik ýüzlenmesini berip, ýüzlerçe million adamyň ýüreginde we anynda orun tutmagyň hötdesinden geldi.

Her ýylyň iýul aýynyň 5-10-y aralygynda Nasreddin Hojanyň hatyrasyna guralýan festiwallar 1973-nji ýyldab bäri dünýäniň dürli ýurtlaryndan alymlaryň, sungaty öwrenijileriň we edebiýatçylaryň jemlenşýän medeni çaresine öwrüldi. 5-nji iýulda Nasreddin Hojanyň türbedinden oýandyrylyp, Akşäheriň köçelerinden gezdirilmegi bilen başlaýan festiwal, soň Akşäher kölüne gönezlik goýulmagy bilen dowam edýär.

Alty gün dowam edýän kosertler, teatr oýunlary we sergi, ýazyjylar bilen duşuşyklar, şygyr agşamlary ýaly emçeme çäreler guralýar.

Ýene degişli makalalar

TÜRKSOÝ tarapyndan Türkmenistanda Ependi hakynda çeper film surata düşüriler
Türkmenistan Hazar deňzi boýunça syýahatçylyk gezelençlerini döretmegi teklip edýär, Türkmenhowaýollary agentliginiň mekdebinde hünärmenleriň gutardyş dabarasy geçirildi we beýleki habarlar
NUSGALYK GYMMATLYKLARYMYZ ÝUNESKO-nyň SANAWYNDA
Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi ÝUNESKO-nyň sanawynda
Türkmenfilm Ependi atly çeper filmi surata düşürýär
Nasreddin Hoja Ependiň bütin dünýäde ýakyndan tanalýandygyny bilýäňizmi?
AMAN GULMÄMMEDOW MILLI TEATR SUNGATYNY ESASLANDYRYJY