NATO-nyň Liderler maslahaty geçirildi

NATO-nyň Liderler maslahaty geçirildi

NATO-nyň Liderler maslahaty Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçirildi.

Sammitden ozal ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylary ýadygärlik surata düşdiler.

Surata düşülýän mahaly Prezident Rejep Taýýip Erdogan we ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden söhbetdeş boldylar. Salamlaşan iki lider soň bolsa NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen bilelikde surata düşdiler.

Iki lider ondan soň bolsa Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonsonyň ýanyna geçip gürrüňdeş boldylar.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, maslahatyň Ukraina temaly ilkinji bölüminde eden çykyşynda, sammitde Russiýa we Hytaý ýaly awtoritar hökümetleriň düzgüne esasly tertibe garşy çykýan has bäsdeş bir dünýäde NATO-nyň güýçlendirilmegi üçin möhüm kararlar kabul etdiljekdigini habar berdi.

Alýansyň ýol belet meýilnamasy hökmündäki Strategik konsepsiýa resminamasynyň täze görnüşiniň kabul ediljekdigini ýatladan Stoltenberg, alýansyň eýmendirmesini we goranyşyny güýçlendiriljekdigini, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň çagyrylmagy bilen NATO-nyň gapylarynyň açykdygynyň görkeziljekdigini mälim etdi.

Stoltenberg, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýniň liderlere ýüzlenip çykyş etjekdigini we Ukraina üçin giň gerimli kömek bukjasynyň kabul ediljekdigini aýan etdi.

Sammite ýer eýeçiligini edýän Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes eden çykyşynda: "Kabul etjek kararlarymyz öňümizdäki 10 ýyllyk göwrümimiziň we çeşmelerimiziň ulanylşyny kesgitlär. Dünýä bize ser salýar. Her kime jebisligimizi we agzybirligimizi, tamalara ýetip biljekdigimizi görkezeris" diýip habar berdi.

Mundan öň, ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jeýk Salliwan, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň NATO sammitiniň çäginde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen duşuşmak ähtimallygynyň bardygyny mälim edipdi.

ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jeýk Salliwan, G7 sammitiniň geçirilýän Germaniýada ABŞ-nyň metbugat işgärlerine beýannama berdi.

Ispaniýanyň paýtagty Madritde ertir başlajak NATO sammitiniň iň möhüm ugurlarynyň biriniň hem Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň alýansyň düzümine goşulmak tapgyrynyň boljakdygyny aýdan Salliwan, şol ugurda Türkiýäniň aýdýan meselelerini ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny mälim etdi.

Salliwan Prezident Erdogan bilen Baýdeniň arasynda bolmagy ähtimal duşuşyk bilen bagly bolsa: "Häzirki wagtda kesgitlenen bir meýilnama ýok. Emma öňümizdäki 24 sagadyň içinde nämeleriň boljakdygyna ser salalyň, käbir hereketler bar" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

NATO-nyň Liderler maslahaty başlady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
NATO Russiýa bilen bagly duýduryş berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ispaniýada geçirilen Dörttaraplaýyn sammitiň netijesinde umumy jarnama çap edildi
NATO-nyň Baş sekretary Türkiýäniň aladalaryny göz öňünde tutmalydyklaryny beýan etdi