NEBITÇI SAGALDYŞ WE DYNÇ ALYŞ MERKEZINDE GURNALAN KITAP SERGISI

NEBITÇI SAGALDYŞ WE DYNÇ ALYŞ MERKEZINDE GURNALAN KITAP SERGISI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Nebitçi sagaldyş we dynç alyş merkezinde göçme kitap sergisini gurnady. Çagalar edebiýatyna degişli neşirleriň dürli görnüşleri esasynda gurnalan göçme kitap sergisi kitap söýüji çagalarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň gahrymanlaryny tanamak, tapmaçalaryň, matallaryň dogry jogabyny bilmek esasynda hem özara bäsleşdiler.

Kitaplar barada özlerini gyzyklandyrýan soraglar esasynda kitaphanaçylar bilen sowal-jogap alyşdylar.

Kitap sergisine gatnaşanlar ýaş nesillere kitaby söýdürmek we olaryň kitap bilen ýakyndan dostlaşmagyny gazanmak babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
Pariž 2024-de medal sanawynda amerikanlar soňky ýaryşda öňe saýlandy
TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ GAHRYMANY, KOSMOS IŞI BOÝUNÇA “ROSKOSMOS” DÖWLET KORPORASIÝASYNYŇ TÄLIMÇI-KOSMONAWT-SYNAGÇYSY, KOSMONAWTLAR TOPARLARYNYŇ SERKERDESI OLEG KONONENKONYŇ GUTLAGY
TÜRKMENISTANDA HALKARA YLMY MASLAHAT WE SERGI GEÇIRILÝÄR
Pariž 2024-de medal sanawynda amerikanlar soňky ýaryşda öňe saýlandy
Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atly halkara sergi geçiriler