Nebitmaş DK: metal gurnamalarynyň ýokary hilli önümçiligi

Nebitmaş DK: metal gurnamalarynyň ýokary hilli önümçiligi

Köpugurly Nebitmaş döwlet kärhanasy sargyt boýunça metal gurnama önümlerini öndürýär.

Metal gurnama önümleriniň doly önümçilik aýlawyny öz kuwwatlyklarynda amala aşyrmak Nebitmaş döwlet kärhanasyna önümleri ýokary hilli we sargyt möhletlerine görä wagtynda ýerine ýetirmegi kepillendirýär.

Kärhanada esasy ugurlaryň hatarynda şulary görkezmek bolar:

- oturtma böleklerini taýýarlamak; - diwarlar, derwezeler, haýatlar ýaly araçäkleriň ähli görnüşlerini öndürmek; - köçe metal gurnamalaryny öndürmek; - 35-220 kW naprýaženiýeli elektrik liniýalary üçin ýokary woltly polat direglerini öndürmek; - magdan çykarylanda geologiki gözleg geçirmek, desgalaryň howpsuzlygy, radio signallary geçirmek, binalar gurluşygy we abatlanylyşy üçin ulanylýan gözegçilik diňleriniň öndürilmegi.

Kärhananyň hünärmenleriniň demir ýasamak, egirmek, kesmek, kebşirlemek ýaly işleri ýerine ýetirýändigini ýatladýarys.

Nebitmaş döwlet kärhanasynyň önümleri we hyzmatlary barada has giňişleýin maglumat almak üçin şu telefon belgileri arkaly ýüz tutup bilersiňiz: (+993 65) 69 91 64, (+993 12) 76 02 43, 76 03 69. Faks: (+993 12) 76 02 25.

Nebitmaş DK-nyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 2008-nji köçe (N.Pomma), 6-njy jaý.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Hilli dükanlaryna lýustralaryň täze görnüşleri gelip gowuşdy
Hytaý kompaniýasy Owganystanda mis gazyp almaga başlar
Awstraliýanyň iň baý adamy planetany halas etmek üçin pul berer
Russiýada Porsche Macan T çykarylar
Türkmen kompaniýasy metal önümlerini eksport etmegi maksat edinýär
Türkmen kärhanasy täze eksport mümkinçilikleri boýunça iş alyp barýar