Nemes metbugaty: Türkmenbaşynyň maşgalasy Berlinde gurluşyk taslamalaryna maýa ýatyrýar

Türkmeneistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň “Trockland Group” gozgalmaýan emläk kompaniýasynda paýdar bolan garyndaşlary Berliniň Berliniň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan “Checkpoint Charlie”, ýagny Çarliý barlag nokady diýilýän ýeriň alkymynda gurulýan gurluşyklara maýa ýatyrýarlar. “Azatlyk” radiosy bu maglumaty Germaniýanyň “Der Tagesspiegel” gazetine salgylanyp ýaýratdy.

Planlaşdyrylýan taslama iki sany iri ýaşaýayş jaý toplumyndan, “Hard Rock Hotel” myhmanhamasyndan we kärendesine bermek üçin niýetlenen muzaeý binasyndan ybarat.

Nemes žurnalistleriniň anyklamaklaryna görä, “Trockland Group” kompaniýasyny girýän kompaniýardaky aksiýalara Saparmyrat Nyýazowyň gyzy Irina, onuň agtygy Ýekaterina paýdarlyk edýär. Nyýazowyň giýewisi Wladimir Sokolow bolsa, “Trockland Group” kompaniýasynyň wise-prezidenti bolmak bilen, kompaniýanyň köp millionly maýalaryna jogap berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, Sokolow “Trockland Group” kompaniýasyna şahsy adam hökmünde maýa ýatyrýar, 2014-nji ýylda Orsýetdäki WTB Kapital bankynyň wise-presindeti wezipesinden gideninden soň bolsa, “Trockland Group” kompaniýasyna hyzmatdaş hökmünde goşulmak kararyna gelýär.

Türkmenabşynyň aýaly Muza Nyýazowa “Trockland Group” kompaniýasyna girýän “Trockland XI Charlie GmbH” firmasynda paýdar bolup durýar. Ol bu firmadaky paýlaryny giýewisi Wladimirden sowgat alypdyr.

Nyýazowyň dul galan aýaly Muza “Paragon Appartements” firmasynyň Berlin şäheriniň Pankow etrabyndaky Dansinger Ştrasse köçesinde guran ýaşaýyş jaý toplumynyň hem paýdary bolýar. Soňra ol bu paýlaryny satýar.

Nyýazowyň gyzy Irina “Trockland VII Herzbergstraße” kompaniýasynda paýdar bolup durýa, ol bu ýerdäki paýlaryny ejesinden peşgeş aldy.

Nyýazowyň agtygy Ýekaterina “Trockland Group” kompaniýasynyň bir bölegi bolan “Trockland VI Klosterstrasse 62” firmasynda paýdar bolup durýar.

Sokolowlaryň maşgalasy Londonda ýazgy (propiska) edilen.

Ýene degişli makalalar

Saparmyrat Nyýazowyň käbir maşgala agzalarynyň nemes kompaniýasy bilen ilteşigi aýan edilýär
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistan nobatdaky ralli-reýdi geçirmäge taýýarlanýar
Aşgabatdaky Fransuz instituty salgysyny üýtgetdi
Gazagystan Respublikasynyň “Казахстан темир жолы” milli kompaniýasy bilen duşuşyk
Türkmen kompozitory bütinrussiýa saz bäsleşiginde ýeňiji boldy