Nesihatly hekaýalar

KämillikBir zenanyň iki sany uly küýzesi bolup, olaryň her biri egin agajynyň bir ujundan asylyp goýlan eken.Küýzeleriň birinde biraz jaýryk bolup, her gezek derýadan öýe gelýänçä, içindäki suwy ýarty bolup galýan eken.

Beýleki küýze bolsa, abat bolup, öýe çenli dolulygyna barýan eken.Bu ýagdaý birnäçe ýyl dowam edip, zenan öýüne diňe bir ýarym küýze suw eltipdir.Elbetde, abat küýze öz üstünligine az begenmändir. Çat açan betbagt küýze bolsa, öz kemçiliginden utanyp, gynanypdyr.

Sebäbi, ol zerur suwuň diňe ýarysyny getirip bilipdir.Bir gezek hälki küýze çeşmäniň başynda eýesine garap zeýrenipdir: Men öz ýagdaýymdan gaty utanýan, sebäbi meniň öýe çenli aralykda suwumyň deň ýarysy daşyna akyp gidýär.Zenan ýylgyryp şeýle diýen: Ýodanyň sen tarapdaky gyrasynda gülleriň ösüp oturandygy, beýleki küýze tarapda bolsa, hiç hili gülüň ýokdugy, ünsüňi çekmedimi?

Men seniň kemçiligiňi bilýänligim üçin hem seniň tarapyňa gülleri ekdim.Her gün biz yzymyza öwrülenimizde sen olary suwarýarsyň.Eger-de sen şeýle bolmadyk bolsaň, onda bu gözellikler asla-da bolmazdy.Netije: Her kimiň özüne ýeterlik kemçiligi, şol bir wagtyň özünde hem şahsy aýratynlygy bolup, olar biziň durmuşymyzy gyzykly we arzyly edýär. Şoňa görä, her kimi öz bolşy ýaly kabul edip, ondaky gözellikleri görjek bolmaly.

Iş hakyIşçileriň biri öz hojaýynynyň ýanyna arz edip barypdyr: Hojaýyn!Sen näme üçin, Ahmede üç esse köp hak töleýäň? Ýogsam men ýalta-da däl, işleýşim hem Ahmediňkiden pes däl.

Seniň bu edýäniň adalatly däl.Nazaryny uzaklara dikip duran hojaýyn, sakgalyny sypalap, şeýle diýipdir: Şo ýerden bir gara görünýär.Göwnüme bolmasa, düýeleriň kerweni ýaly-la.Bar, git-de bilip gel!Işçi alňasap gidýär.

Köp wagt geçmänkä-de yzyna gelip, şeýle diýipdir: Dogry eken, hojaýyn!Kerwen geçip barýar. Niräň kerwenidigini anyklamadyňmy?Mümkin, Medineden gelýändir? Bilmedim. Bar, git-de bilip gel.Işçi gidip, ýene-de öwrülip gelýär. Hojaýyn!

Dogry eken, Medineden gelýän kerwen eken. Ýüki nämekä? Bilmedim. Bar, git-de, onam bilip gel!Ol gidip gelip, şeýle diýýär: Hojaýyn, kerweniň esasy ýüki hurma eken. Bahasyny soramadyňmy? Ýok. Bar, ony hem bilip gel.Şol wagt howla giren, Ahmet şeýle diýýär: Hojaýyn, golaýymyzdan Medinäniň hurmadan mas ýüklenen düýeleriniň kerweni geçip barýar.

Arzanrak gürleşdim, alalymy? Alaly.Onsoň hojaýyn birinji işçä garap, şeýle diýýär: Megerem, indi Ahmede näme üçin 3 esse köp hak töleýänligimiň sebäbine düşünen bolsaň gerek.

Uzak ýaşamagyň syryHabarçylaryň birine 100 ýaşy arka atan garrynyň uzak ýaşamagynyň syrlaryny öwrenmegi tabşyrypdyrlar.Habarçy daglyk ýerde ýerleşýän obadaky ol garrynyň öýüni sorap-idäp tapypdyr we onuň 100 ýaşamagynyň syrlary barada sowal berip başlapdyr.

Garry özüniň uzak ýaşamagynyň syryny hiç wagt hiç kim bilen jedelleşmändigi bilen düşündiripdir.Habarçy geň galyp: Eýsem, siziň bütin ömrüňizde hiç kim bilen jedelleşmändigiňiz dogrumy?diýipdir. Hawa, dogry. Asla, hiç kim bilen jedelleşmediňizmi? Hiç kim bilen, hiç kim bilen! Be… hatda öz aýalyňyz bilenemmi? Hawa, öz aýalym bilenem. Hatda öz çagalaryňyz bilenemmi? Hawa, çagalarym bilenem. Onda 100 ýaşy arka atyp, bir gezegem jedelleşip görmänsiňiz-dä? Bir gezegem. Hiç haçan hiç kim bilenmi?

diýip, habarçy gaşyny çytyp, gaharlanyp ugrapdyr. Hawa-la diýip, garry parahat jogap beripdir.Şondan soň, sandyrap ugran habarçy: Ýok, siziň bütin ömrüňizde bir saparam kimdir biri bilen jedelleşmezligiňiz bolup biljek zat däl ahyryn!

diýip, gözlerini tegeläpdir. Hawa, jedelleşdim, jedelleşdim diýip, garry ýylgyryp jogap beripdir-de, yzyndan hem şeýle diýipdir: Suwjagaz owurtlaýyň!

ÜmsümlikBir ýola bir garry bagyň saýasynda dynç almak üçin dyzyny epipdir.Ol ýere garrynyň durmuş ýörelgesi we pikirleri bilen ylalaşmaýan birnäçe jahyl ýigitler hem ýygnanyp, ýersiz-ýere oňa yrsarap başlapdyrlar. Ýöne, garry özüni parahat alyp baryp, olara barmysyňyz hem diýmändir.

Garrynyň özüni parahat alyp barmagy olary has-da öjükdiripdir.Oňaýsyz ýagdaý emele gelipdir: olar garry ruhanyny kemsidipdirler, ol bolsa sesini çykarman arkaýyn otyrmyş.Ahyr, olaryň biri garra habar gatypdyr: Bu nä boluş, how.

Biz bu gepleriň baryny saňa aýdýarysmykak öýdýäs welin… ýa-da sen eşideňokmy? O nähili!Eşidýän!Hut eşidýänligim üçin hem ümsümligimi saklap otyryn-da. Ýigitler, siz bir zada düşüniň, meni kemsidip kemsitmezlik siziň öz işiňiz. Ýöne, siziň samsyklygyňyzy kabul edip etmezlik welin, meniň öz ygtyýarymdaky zat.

Men olary inkär edýärin, sebäbi olar kabul edeniňe degenok.Siziň aýyplamalaryňyzy kabul etmeýänligim üçin, siz olary özüňizde saklap bilersiňiz. Şeýle-de, size meni kemsitmegem gadagan edemok.Bu siziň erkinligiňiz we hukugyňyz diýip, garry parahat jogap beripdir.

Soňra bolsa, ýylgyrypdyr-da, batlary gowşap ugran jahyllara ýüzlenip: Elbetde, siz maňa hiç-hili zeper ýetirmediňiz, hiç-hili birahatlyk döretmediňiz.Bolmasa, bireýýäm menden şu taýagy iýerdiňiz diýip, elindäki taýagyny olara gezäpdir-de, ýerinden turmak bilen boluberipdir.Bagban we ýazyjyBir bagban adygan ýazyja ýüzlenip, şeýle diýipdir: Seniň hekaýalaryňy okadym.

Olar maňa diýseň ýarady.Bilýäňmi, men näme hakda pikir etdim?Isleseň men saňa täze hekaýalary ýazmaga bäş-alty sany pikir bereýin.Olaryň maňa geregi ýok.Sebäbi, men ýazyjy däl.

Mümkin, sen oňat hekaýalary ýazarsyň, kitap çykararsyň, pul gazanarsyň.Ýazyjy oňa şeýle jogap beripdir: Gardaş, men saňa gowusy şu iýip oturan almamy bereýin!Onda oňat dänelerem bar.

Däneleriň maňa geregi ýok, sebäbi, men bagban däl.Mümkin, sen olary ekersiň, oňat almalary ýetişdirersiň, hasylyny ýygnarsyň hem-de ep-eslije gazanarsyň. Diňle gardaş!Seniň dişlän almaňa mätäçligim ýok.

Meniň almalarym hem, alma agaçlarym hem, özüme ýetik!diýip, bagban gaharlanyp ugrapdyr. Onda, sen näme üçin, meniň pikirlerim özüme ýetmeýändir öýdýärsiň?diýip, ýazyjy ýylgyrypdyr.

TerbiýeBir täjir uzak ülkeden argyşdan öýüne dolanyp gelenden soňra, oglunyň başyna gidip, özüne hiç gulak asmaýandygyna göz ýetiripdir.Näme etmeli?Ol nähili hem bolsa bir alajyny tapyp, ogluny terbiýelemegiň ugruna çykmalydy.

Mazaly oýlanan kakasy gapysynyň agzynda bir pürsi ýere dikip, oglunyň her bir ýalňyş hereketinden soň, oňa bir çüý urupdyr. Üstünden ep-esli wagt geçipdir… Kakylan çüýlerden ýaňa pürsüň ýüzi petir bezelen ýaly bolupdyr.Kakasynyň maksadyndan habardar bolan oglunyň bu görnüş kejebesini daraldypdyr. Şondan soň, ol özüniň her bir hereketi, ätjek her bir ädimi hakda çynlakaý oýlanypdyr.

Ol özüni edepli, oňat alyp baryp, ene-atasyna hem kömek edip ugrapdyr. Şondan soň, kakasy onuň eden her bir ýagşy işi üçin sütündäki bir çüýi sogrup taşlapdyr.Ogly muny görüp, has-da haýyrly işleri etmäge tagalla edipdir.

Ine-de bir gün kakasy pürsden iň soňky çüýi çykarypdyr. Ýöne bu ýagdaý oglunda düýpgöter garaşylmadyk täsir döredip, ol aglap ugrapdyr. Indi näme üçin aglaýarsyň, görşüň ýaly pürsde hiç hili çüý galmady ahyryn diýip, kakasy geňirgenipdir. Hawa, çüýler indi ýok, ýöne onuň yzlary welin dur ahyryn diýip, ogly kakasyna gaýgyly seredipdir.

Ruhubelent adamJahankeşdeleriň biri oba ýaşulusyna ýüzlenip: Saňa, şu obanyň iň şadyýan, ruhubelent adamy diýdiler. Şol dogrumy?diýipdir. Hawa, şeý-ä diýýärler. Ýöne, men obadaşlarymyň hiç birisinden üýtgeşikdirin öýdemok. Ýaşuly!

Hakykatdan-da, saňa daşyndan seredeniňde, seniň haçan-da bolsa, nämedir bir zadyň gaýgysyny edene çalym edeňok.Has dogrusy, seniň ýüzüňde hiç-hili gaýgy alamatlary görnenok.Mümkin, sen bu syry biziň bilen paýlaşarsyň. Eýsem, durmuşda gaýgy edeniňe degýän zat barmy?

Eger bar bolaýanda hem, gaýgynyň oňa peýdasy degermi? Nähili ajaýyp pähim-paýhas.Hakykatdan hem, gaýgy-aladanyň hiç hili nepi degenok.Näme üçin sen bu syr barada öz obadaşlaryňa gürrüň bermeýärsiň? O näme üçin?

Gürrüň berdim ahyryn diýip, ýaşuly ýylgyrypdyr.Ine, saňa-da aýdyp durun.Eýsem, sen bu syry ulanyp başararsyňmy?diýip, ýaşuly ýylgyrypdyr.

DostlukIki dostuň sözleri azaşyp, öýkeleşipdir.Olaryň biri ähli tanyşlarynyň ýanynda öz dostuny ýamanlap ugrapdyr. Ýöne, ep-esli wagt geçensoň, köşeşipdir-de, bu eden işine ökünipdir.

Ol ötünç soramak üçin dostunyň ýanyna barypdyr. Şonda dosty şeýle diýipdir: Bolýa, men seni bagyşlaýan. Ýöne bir şert bilen. O nähili şert?diýip, dosty sorapdyr. Bir ýassyk al-da, onuň içindäki ähli perlerini ýeliň ugruna paýradyp goýber diýipdir.Dosty onuň aýdyşy ýaly edip, bir ýassygy alyp, ýyrtypdyr-da, içindäki perleriniň baryny ýeliň ugruna sowrup goýberipdir.

Köwsarlap öwüsýän batly şemal bolsa ýassygyň ýeleklerini obanyň çar tarapyna sürüp äkidipdir.Eden işine monça bolan dosty gelip: Dost jan, tabşyran ýumşuň-a bitirendirin.Indi, meni bagyşlarsyň gerek?

diýipdir. Elbetde, indi sen ähli perleri yzyna ýygnasaň diýip, dosty jogap beripdir.Hawa, ähli perleri yzyna ýygnamak kyn iş.Eýýäm, obanyň ähli ýerine ýaýran ýaramaz gürrüňleri hem yzyna ýygnap bolmaýar.

Söz diliňden sypýança, seniň ýesiriň, sypansoň, sen onuň ýesiri.

Iki almaGyzjagaz eline iki alma alyp, öýe giripdir.Megerem, joralarynyň biri oňa almalary hödür eden bolsa, gerek. Eje, seretsene, nähili ajaýyp gyzyl almalar!

diýip, gyzy dillenipdir. Hawa, üýtgeşik!Mümkin maňa-da hödür edersiň?diýip, ejesi gyzyna mähirli seredipdir.Gyzjagaz elindäki almalara seredipdir-de, olaryň birini dişläpdir.Salym geçmänkä hem ikinjisini dişläpdir.Ejesi geňirgenip, öz ýanyndan: “Bä… görýän welin meniň gyzym gaty gysganç bolup ýetişjek öýdýän.

Almalaryň ikisinem iýmäge durdy, maňa bolsa, hödür edeýinem diýmedi” diýip, oýlanypdyr.Ýöne, gyzjagaz almalaryň birini ejesine uzadyp: Al, eje jan, şu juda süýji eken diýipdir.

Terjime eden Ýegenmämmet Taýlyýew.“Zaman-Türkmenistan”.

Ýene degişli makalalar

Seýil ýodalar
Dünýäde iň garry köpek Portugaliýada ýaşaýar
Hojaýyny bilen kömekçisini öldürmekde güman edilýän türkmenistanlylar gözlenýär
Hojaýyny bilen kömekçisini öldürmekde güman edilýän türkmenistanlylar gözlenýär
Ýuridiki konsultasiýalar. Polisiýa işgäri pasportyňy alyp bilýärmi? Aşgbatda propiskasyz ýaşamak mümkinmi?