Nesillere nusgalyk miras

Nesillere nusgalyk miras

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Nesillere nusgalyk miras ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde şöhratly taryhyna, milli gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna sarpa goýmak, hormat bilen garamak duýgusy türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan medeniýetiniň buýsançly aýratynlygydygy, şeýle kämil medeniýetiň kemala gelmegine ene-mamalarymyzyň zähmetsöýer elleri bilen döreden el işlerine aýratyn orun degişlidigi hem-de türkmen zenanlary tarapyndan döredilip, sungat derejesine ýetirilen milli halyçylyk, keşdeçilik, amaly-haşam işleriniň ýerine ýetirilişi boýunça nepisligi bilen tapawutlanýandygyny belläp geçdiler. Şeýle-de bu günki gün asylly işler dowam etdirilip, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny öwrenmek , olary dünýäde giňden wagyz etmek, şeýlelik-de, medeni mirasymyzyň esasy ugurlaryny geljek nesillere ýetirmek ýaly giň möçberli işler amala aşyrylýar diýip gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy belentden sarpalaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, beýik işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
Berkarar döwletiň ylham joşguny atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
TDU-da ýaş žurnalistler bilen döredijilik duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti täze Metbugat sekretaryny belledi
Ak Nesil bilim merkezi iňlis dili okuwlaryna güýzki kabul edilişigi yglan edýär
Türkmen şahyry Akmyrat Hojanyýazyň Özüň bolup ýaşamak atly täze kitaby neşir edildi