Netanyahu Eýrana garşy “ähli güýçleri bilen” urşy dowam etdirjekdiklerini aýtdy

Netanyahu Eýrana garşy “ähli güýçleri bilen” urşy dowam etdirjekdiklerini aýtdy

Genosid jenaýatçysy Netanýahu Ysraýylyň Eýrana garşy urşuny "ähli güýçleri bilen" dowam etdirjekdiklerini aýtdy we ABŞ bilen birlikde bir hepde bäri dowam eden hüjümlerden soň Tähranyň üstündäki howa gözegçiliginiň dolulygyna diyen ýaly ýola goýandyklaryny öňe sürdi.

Netanýahu ýekşenbe güni beren beýanatynda: "Eýran režimini ýok etmek we başga-da köp maksatlara ýetmek üçin biziň yzygiderli meýilnamamyz bar" diýip, belläp hüjümleriň dowam etjekdigini aýtdy.

Netanýahu: “Raýatlar, siz maňa, hökümete we gahryman esgerlerimize ýeňişe çenli dowam etmegimizi aýdýarsyňyz we munuň üçin size minnetdarlyk bildirýärin. Size ähli güýjümiz bilen dowam etjekdigimize ynandyryp bilerin” diýdi.

Ganhor Netanýahu ysraýylly we amerikan uçarmanlary tarapyndan amala aşyrylan bombaly hüjüm kampaniýalarynyň netijesinde Eýranyň paýtagtynyň üstünde "dolylygyna diýen ýaly howa gözegçiligini" ýola goýandyklaryny beýan etdi.

28-nji fewraldan bäri Ysraýyl we ABŞ Eýrana garşy hüjümler amala aşyrýarlar. Bu hüjümler ýüzlerçe adamyň, şol sanda Eýranyň dini lideri Ali Hameneýiniň we birnäçe howpsuzlyk resmisiniň ölümine sebäp boldy.

Muňa jogap hökmünde Tähran Ysraýyla garşy köp sanly raketa we uçarmansyz howa ulagy hüjümlerini başlatdy.

Eýran şeýle hem Amerikanyň Pars aýlagy döwletlerinde we Iordaniýadaky bähbitlerini raketalar we uçarmansyz howa ulaglary bilen nyşana aldy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ we Ysraýyl Eýranyň iň uly nebit-himiýa toplumyna hüjüm guradylar
Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý ABŞ-Ysraýyl hüjüminde öldürildi
Fidan: Eýrana garşy bikanun hüjümler sebiti has uly urşa tarap iterýär
Eýran: ABŞ topraklarymyza harby goşun ornaşdyran halatynda “ikinji Wiýetnam wakasy” ýüze çykyp biler
Ysraýylyň ABŞ-Eýran ylalaşygyndan soň Liwana guran hüjüminde azyndan 4 adam ýogaldy
Naftali Bennet: Biz 3000 ýyllap synanyşdyk, ýöne dünýä bizi ýigrenýär