Netanýahu Eýranyň täze beýik ruhy liderine haýbat atdy

Netanýahu Eýranyň täze beýik ruhy liderine haýbat atdy

Urşuň başlamagyndan bäri geçiren ilkinji metbugat ýygnagynda Netanýahu Eýran Yslam Respublikasynyň beýik ruhy liderine haýbat atdy we şol bir wagtyň özünde Ysraýyl bilen ABŞ-nyň Eýrana garşy alyp barýan bilelikdäki urşuny goldady.

Penşenbe güni eden çykyşynda Netanýahu ABŞ-Ysraýyl howa hüjümlerinden iki hepde töweregi wagt geçensoň, Eýranyň "indi öňküsi ýaly däldigini" aýtdy we Ynkylap goragçylarynyň we Basij toparynyň Tährandaky saýlama toparlaryna uly zarba salnandygyny habar berdi.

Wideo aragatnaşyk arkaly soraglara jogap beren Netanýahu, şeýle hem Liwandaky Hezbollahy nyşana almagy dowam etdirjekdikleri barada söz berdi.

ABŞ-nyň Prezidenti bilen ýakyn gatnaşyklar

Ysraýylyň Eýranyň täze beýik ruhy lideri Mojtaba Hameneýi we Hezbollahyň lideri Naim Kasyma garşy nähili ädimleri etmegiň mümkindigi bilen bagly soraga Netanýahu, jikme-jiklikleri aýtmakdan ýüz öwürdi, emma "Men terror guramasynyň hiç bir liderine ömür boýy ätiýaçlandyrmasyny bermezdim" diýip duýduryş berdi.

“Men bu ýerde näme meýilleşdirýändigimiz ýa-da näme etjekdigimiz barada anyk bir habar bermek niýetinde däl” diýip aýdan Netanýahu, Eýranyň we Hezbollahyň indi uruşdan öňki ýaly howp döredýän däldigini we çaknyşyk döwründe ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen ýygy-ýygydan aragatnaşykda bolandygyny beýan etdi.

Netanýahu Tramp bilen her gün gürleşýändigini we bu söhbetdeşlikleriň erkin we açykdygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Netanýahu: ABŞ-Eýran ylalaşygy Ysraýylyň Liwana guraýan hüjümleriniň öňüni alyp bilmez
Ysraýylyň ABŞ-Eýran ylalaşygyndan soň Liwana guran hüjüminde azyndan 4 adam ýogaldy
ABŞ we Ysraýyl Eýranyň iň uly nebit-himiýa toplumyna hüjüm guradylar
Hakan Fidan: Türkiye Eýranda raýat urşuny öjükdirjek islendik meýilnama garşydyr
Fidan: Eýrana garşy bikanun hüjümler sebiti has uly urşa tarap iterýär
Trampyň emeli aň bilen taýýarlanan Gaza bilen bagly wideo ýazygysy internetde berk garşylyk döretdi