Netanýahu, Hamasyň Ýesir Çalşygy Üçin Beren Teklibini Kabul Etmedi

Netanýahu, Hamasyň Ýesir Çalşygy Üçin Beren Teklibini Kabul Etmedi

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu, Hamasyň ýesir çalşygy üçin beren teklibini kabul etmändigini nygtap, “Söweşi ähli taraplaýyn dowam etdirýäris” diýdi.

Binýamin Netanýahu, häzire çenli 110 ýesiri boşadandyklaryny we ýesirleriň ählisiniň boşadylmagy üçin tagalla etjekdiklerini aýtdy.

Hamasyň, ýesirleriň boşadylmagy üçin söweşiň bes edilmegini we Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň Gazadan çekilmegini talap edendigini aýdan Netanýahu, Hamasyň teklibi kabul edilen halatynda “raýatlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilip bilinmejekdigini” nygtady.

Netanýahy “Söweşi ähli frontda dowam etdirýäris. Terrorçylar üçin hiç hili ýeňillik döredilmez. Ne Gazada, ne Liwanda, ne Siriýada ne-de başga bir ýerde terrora boýun egmeris. Bize zepere ýetirene degişli jogaby bereris” diýdi.

Hamasyň “Kassam” atly ýaragly topary 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy guran hüjümide köp sanly ysraýyllyny ýesir alypdy.

Gazadaky çaknyşyklara 24-nji noýabrda 4 günlük ynsanperwer maksatly arakesme berlipdi we şondan soň uzadylan 3 günlük arakesmede ysraýylly 81 ýesir bilen palestinaly 240 ýesir boşadylypdy.

Ýene degişli makalalar

Netanýahu we Gallant Gaza garşy hüjümleriň dowam etjekdigini aýtdylar
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Protest Ýörişlerini Dowam Etdirýär
Ysraýylyň Premýer-ministrine Garşy Edilýän Basyşlar Artýar
Ýaraly esgerler Netanýahu bilen duşuşmakdan ýüz öwürdiler
Ysraýyl tarapyndan öldürilen ysraýylly ýesir esgeriň kakasy Netanýahu reaksiýa bildirdi
Ysraýyl Gazanyň demirgazygynda ýene-de 2 esgeriniň öldürilendigini habar berdi