
Ysraýylda hökümeti gurmak jogapkärçiligini öz üstüne alan Binýamin Netanýahu, Ysraýylyň Prezidenti Ishak Gersogdan berlen möhlediň uzadylmagyny isledi.
KAN telewideniýesiniň berýän habaryna görä, Netanýahu, Prezident Gersogdan, hökümetiň gurulmagy üçin berlen möhlediň 2 hepde uzadylmagyny isledi.
Netanýahu, Gersoga, “Hökümetiň gurulmagy baradaky gepleşikler dowam edýär we öňe gidişlik edildi” diýdi.
Habarda Ysraýylyň Prezidentiniň, Netanýahunyň talabyny kabul edip etmändigi barada bolsa maglumat berilmedi.
Prezident Gersogyň, hökümetiň gurulmagy üçin beren möhledi 11-nji dekabrda duşenbe güni gutarýar.