Netanýahunyň Ýolbaşçylygyndaky Şäriklik Hökümeti Ynam Sesisi Aldy

Netanýahunyň Ýolbaşçylygyndaky Şäriklik Hökümeti Ynam Sesisi Aldy

Ysraýylda Binýamin Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky täze şäriklik hökümeti Mejlisde geçirlen oturlyşykda ynam sesini aldy.

Ysraýylyň Mejlisinde, Likud partiýasynyň lideri Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky Ysraýylyň 37-nji hökümeti üçin ynam sese goýulşygy geçirildi.

Sese goýulşykda, Netanýahunyň 120 kürsülik Mejlise hödürlän şäriklik hökümeti, 63 halk deputatyndan “kabul” sesini aldy.

54 halk deputaty bolsa sese goýulşykda “garşy” ses berdi.

Netanýahu şeýlelikde 6-njy gezek Ysraýylyň Premýer-ministri boldy.

Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky Ministrler kabineti 5-i zenan 30 ministrden ybarat.

Ysraýylda 1-nji noýabrda geçirlen möhletinden iki saýlawda, ozalky premýer-ministr we oppozisiýanyň lideri Binýamin Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky sagçy hyzmatdaşlyk 120 kürsüli Mejlisde 64 kürsä eýe bolupdy.

Dolulygyna sagçy partiýadan ybarat bolan Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky täze şäriklik hökümeti, Ysraýylyň syýasy taryhyndaky “iň sagçy hökümet” hökmünde häsiýetlendirildi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-dan Ysraýyla Ok-däri Ugradylmagy Bes Edildi
Erdogan Stambulda Metbugat Işgärlerine Beýannama Berdi
Hamas: "Gepleşikler tamamlandy" diýdi
"Hamasy döreden we maliýeleşdiren Ysraýyldyr"
Braziliýa Ysraýyldaky Ilçisini Yzyna Çagyrdy
Baýden Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
“Refah Şäherine Gury Ýer Hüjümini Gurap Bileris”