NG Kutahya dükanynda hammam otagy üçin mebelleri 50% arzanladyş bilen satyn alyp bilersiňiz

NG Kutahya dükanynda hammam otagy üçin mebelleri 50% arzanladyş bilen satyn alyp bilersiňiz

Hammam otagy üçin owadan we çyglylyga çydamly mebelleri satyn almak isleýänler üçin hoş habar gelip gowuşdy 31-nji dekabra çenli olary NG Kutahya dükanynda bellenen bahasynyň ýarysyna satyn almak mümkindir.

Kutahya Seramik brendiniň Türkmenistandaky resmi distribýutory aýnaly we aýnasyz diwar şkaflarynyň, tekjeleriň, şeýle hem rakowinalaryň aşagynda goýulýan tumbalaryň dürli görnüşlerini hödürleýär. Önümleriň giň görnüşleriniň bolmagy islendik reňkdäki we ululykdaky mebel toplumyny saýlap almaga mümkinçilik berýär.

NG Kutahya dükanyndaky hammam otagy üçin mebeller temperaturanyň üýtgemegine çydamly we suwa garşy durnukly häsiýeti bolan ýokary hilli materiallardan ýasalýar, şonuň üçin olar ýokary çyglylyk şertlerinde-de uzak wagtlap hyzmat edip bilýärler.

Ýatlatsak, Kutahya dükanynda beýleki harytlara-da, şol sanda santehnika enjamlaryna 50% arzanladyş hereket edýär. Şeýle hem bu ýerde harydy Aşgabadyň içine mugt eltip bermek hyzmaty hödürlenýär. Ýurduň beýleki welaýatlaryna hem eltip bermek mümkindir, bu hyzmatyň bahasy aýratynlykda kesgitlenýär.

Kutahya Seramik dükanynyň salgysy: Ahal welaýaty, Ak Bugdaý etraby, senagat zolagynyň çäkleri, NG Kutahya binasy. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 611 611. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Kutahya Seramik mermere we granite meňzedilen plastik panelleri hödürleýär
NG Kutahya dükanynda ähli önümlere 50%-e çenli arzanladyş yglan edildi
NG Kutahya dükany öýüňizde rahatlyk döretmek üçin bio-kaminleri hödürleýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
NG Kutahya dükanynda Täze ýyla çenli ähli önümleri 50% arzan bahadan satyn alyp bilersiňiz
Kutahya Seramik haryt nyşanynyň Aşgabatdaky dükanynda gyş möwsüminiň başy üçin radiatorlary saýlap almak mümkindir