Nigeriýada Guralan Hüjümde 16 Adam Ýogaldy

Nigeriýada Guralan Hüjümde 16 Adam Ýogaldy

Nigeriýanyň Borno welaýatynda terror guramasy DEAŞ-yň Günbatar Afrikadaky bölümi ISWAP tarapyndan guralan hüjümde asuda ilatdan 16 adam ýogaldy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatyna görä, terror guramasy ISWAP, Borno welaýatynyň Abadam etrapçasyna hüjüm gurady.

Hüjümde 16 adam ýogaldy, köp sanly adam hem ýaralandy.

Nigeriýada terror guramasy Boko Haramyň gurujysy Muhammed Ýusufyň ogly Abu Musab al Barnawi, 2009-njy ýylda kakasynyň ýogalmagyndan soň Boko Haramyň metbugat geňeşçisi bolupdy.

Boko Haramyň içinde 2016-njy ýylda başlan liderlik krizisi, guramada Barnawi bilen Abubekir Şekaynyň arasynda bölünşige sebäp boldy.

Şekau, Boko Haramy gönükdirýär, Barnawi DEAŞ bilen birlikde ISWAP guramasyny döredip hüjümlerini dowam etdirýär.

Ýene degişli makalalar

Nigeriýada Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Nigeriýada Boko Haramyň 15 agzasy boýun egdi
Nigeriýada terrorçylykly hüjüm guraldy
Nigeriýada ýaragly hüjümler guraldy
Nigeriýa terror guramasy Boko Harama garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirýär
Nigeriýada terrora uly zarba uruldy
Nigeriýada Ýolagçy Awtobusy Nyşana Alyndy