Nigeriýada terror guramasy Boko Harama garşy operasiýa geçirildi

Nigeriýada terror guramasy Boko Harama garşy operasiýa geçirildi

Nigeriýanyň Harby-howa güýçleri ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Borno welaýatynda terror guramasy Boko Harama garşy geçiren howa operasiýasynda 100-den gowrak terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Punch gazediniň habar bermegine görä Nigeriýanyň Harby-howa güýçleriniň metbugat geňeşçisi Edward Gabkwet howa operasiýalarynda aralarynda Boko Haramyň ýolbaşçyslaryndan Abu Asad hem bolan 100-den gowrak terrorçynyň öldürilendigini habar berdi.

Operasiýada terrorçylar tarapyndan ulanylan bazalaryň ýok edilendigini aýdan Gabkwet gurama degişli köp mukdarda ok-däriniň ele salynandygyny mälim etdi.

Nigeriaýda 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri barlygyny dowam etdirýän Boko Haramyň 2009-njy ýyldan bäri guraýan hüjümlerinde müňlerçe adam ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Nigeriýada 10 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy
Nigeriýada guralan hüjümde 20 adam ýogaldy
Nigeriýada geçirilen operasiýada 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy
Nigeriýada mina partlady