Ýurduň Milli metbugatynda berilýän habarlara görä, Borno welaýatynyň Gwoza diýilýän ýerinde Boko Harama agza terrorçylara garşy hem howadan hem-de gury ýerden operasiýa geçirilýär.
Operasiýalarda aralarynda guramanyň lideri Alhaji Modu hem bolan 28 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, köp sanda terrorçy ýaraly ýagdaýda gaçdy.
Terror guramasy Boko Haram, soňky ýyllarda geçirilýän operasiýalara garamazdan, Afrikanyň iň köp ilatly döwleti bolan Nigeriýada uly howp emele getirýär.
Nigeriýada 2000-njy ýyllaryň başyndan bäri iş alyp barýan terror guramasynyň 2009-njy ýyldan bäri guraýan hüjümlerinde 20 müňden gowrak adam ýogaldy.
Ýurtdaky terrorçylykly hüjümler we çaknyşyklar sebäpli ýüzmüňlerçe adam başga ýere göçmäge mejbur boldy.
