Kaduna ştatynyň Polisiýa gullugynyň metbugat sekretary Mohammed Jalige, 18-nji noýabrda Polisiýa gullugynyň we harby güýçleriň hyzmatdaşlyk etmeginde Kaduna ştatynyň Zaria we Funtua diýilýän ýerlerinde ýaragly toparlara garşy operasiýalaryň geçirilendigini habar berdi.
Jalige, operasiýada aralarynda çagalar we zenanlar hem bolen jemi 76 adamyň azat edilendigini mälim etdi.
Azat edilen şol adamlaryň haçan zamun alynandygy barada bolsa maglumat berilmedi.
Nigeriýa soňky wagtlarda ýurduň tapawutly sebitlerinde ýaragly toparlar bilen birlikde terror guramalary Boko Haramyň we ISWAP-yň hüjümlerine sezewar galýar.
Kaduna ştatynda geçen ýyl ýaragly toparlar tarapyndan guralan hüjümlerde 937 adam ýogalypdy, 1972 adam bolsa zamun alynypdy.
