Nigeriýada ýoldaky dyknyşykda 100 ulag ýandy

Nigeriýada ýoldaky dyknyşykda 100 ulag ýandy

Nigeriýanyň günortasyndaky ulag dyknyşygynda benzin daşaýan ulag partlap, köpçülikleýin ýangyna sebäp boldy, 100-den gowrak awtoulag ýandy diýip, Nation gazetine salgylanýan Vesti.ru habar berdi.

Adatdan daşary ýagdaý ýurduň Port-Harkort şäheriniň günorta-gündogarynda boldy. Hadysanyň bolýan ýerinde ýol abatlaýyş işleri geçirilensoň, ulag dyknyşygy emele geldi.

Şaýatlaryň gürrüňlerine görä, benzin daşaýan ulag heläkçilige uçrady, netijede, ol partlady, ýangyn beýleki ulaglara geçdi. Ýangyny birnäçe sagatdan soňra öçürmek başartdy, emma eýýäm 100-den hem köp ulag ýanyp kül boldy.

Pida bolanlaryň takyk sany habar berilmeýär.

Ýene degişli makalalar

Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy
Nigeriýada 10 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Nigeriýada nebit geçiriji turba liniýasynda partlama boldy
Nigeriýada geçirilen operasiýada 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Nigeriýada Obalylar Nyşana Alynýar
Daşary Işler Ministri Hakan Fidan Şu Gün Iş Sapary Bilen ABŞ-na Gider