Nigeriýanyň goşuny ybadathana hüjüminden soň zamun alnan onlarça adamy halas etdi

Nigeriýanyň goşuny ybadathana hüjüminden soň zamun alnan onlarça adamy halas etdi

Nigeriýanyň goşuny ýekşenbe güni Kaduna ştatynyň demirgazyk-günbataryndaky bir ybadathana guralan hüjümde zamun alnan 31 raýaty halas edendigini, wakanyň bolan ýerinden bolsa bäş adamyň jesediniň tapylandygyny habar berdi.

Goşun hüjümiň Kaçiýa ýerli dolanşyk sebitindäki Ariko obasynda Pasha baýramy bilen bagly dabaralaryň geçirilýän wagtynda bolandygyny mälim etdi. Beýanatda harby bölümleriň hüjümçileri yzarlaýandygy hem aýdylýar.

Kaduna ştatynyň Hristianlar Bileleşiginiň (CAN) başlygy Kaleb Maaji ýekşenbe güni Ariko obasynda iki ybadathana hüjüm edilendigini aýtdy. Maaji ýedi adamyň öldürilendigini we ençeme adamyň zamun alnandygyny aýtdy.

Maaji “Reuters” agentligine beren beýanatynda: “Derňew henizem dowam edýär” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Terrorçylar Nigeriýadaky mekdepden 220-den gowrak okuwçyny we mugallymy ogurladylar
Germaniýada parlament saýlawlary geçiriler
Germaniýada Parlament saýlawlary geçiriler
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Kansler wezipesine dalaşgär
Merkeliň wezipesini dowam etdirer