Nobel baýragynyň döreýşi

Nobel baýragynyň döreýşi

Taryhda käbir seneler diňe bir wakanyň bolup geçen güni hökmünde däl, eýsem, dünýäniň geljegine täsir eden başlangyç hökmünde hem ýatda galýar. Şeýle seneleriň biri-de 1895-nji ýylyň 27-nji noýabrydyr.

Hut şol gün meşhur şwed alymy we oýlap tapyjysy Alfred Nobel Parižde öz wesýetnamasyna gol çekip, Nobel baýraklarynyň döredilmegine esas goýýar.Ol öz baýlygynyň esasy bölegini adamzada peýda getiren adamlary sylaglamak üçin galdyrmagy ýüregine düwýär.

1833-nji ýylda Şwesiýanyň Stokgolm şäherinde dünýä inen Alfred Nobel himiýa we tehnika bilen içgin gyzyklanypdyr. Ol köp sanly oýlap tapyşlaryň awtorydyr. Nobeliň ylmyň we tehnologiýanyň adamzat üçin peýdaly bolmagy üçin zähmet çekipdir.

Nobel wesýetnamasynda baýlygynyň girdejisiniň her ýyl bäş ugurda fizika, himiýa, lukmançylyk, edebiýat we parahatçylyk boýunça iň uly goşant goşan adamlara berilmegini tabşyrypdyr.Onuň bu islegi 1900-nji ýylda Nobel gaznasynyň döredilmegi bilen durmuşa geçirilýär.

Ilkinji baýraklar 1901-nji ýylyň 10-njy dekabrynda gowşurylýar.Soňra, 1969-njy ýyldan başlap, ykdysady ylymlar boýunça baýrak hem berlip başlanýar.Bu baýragy Şwesiýanyň Merkezi banky (Sveriges Riksbank) maliýeleşdirýär.

Şondan bäri Nobel baýraklary dünýäde ylmy açyşlaryň, döredijiligiň we parahatçylygy pugtalandyrmak ugrunda edilen hyzmatlaryň iň abraýly halkara ykrarnamalarynyň birine öwrüldi. Her ýyl dürli ýurtlardan alymlar, ýazyjylar we parahatçylyk ugrunda zähmet çeken şahsyýetler bu ýokary sylaga mynasyp bolýarlar. Baýraklaryň Alfred Nobeliň aradan çykan güni 10-njy dekabrda gowşurylmagy hem onuň hatyrasyna goýulýan hormatyň nyşanydyr.

Mähri Gurbanowa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar