Nobeliň ykdysadyýet baýragynyň eýeleri mälim edildi

Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda

Nobel hepdesi tamamlandy. 12-nji oktýabrda olaryň iň soňkusy

bolan ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýeleriniň atlary mälim edildi. Ykdysadyýet

boýunça Nobel baýragy beýleki

baýraklardan tapawutlylykda, Alfred Nobeliň mirasy däldir. Ol 1968-nji ýylda Şwesiýanyň

Milli banky tarapyndan Alfred Nobeliň hormatynda döredildi.

Ykdysadyýet boýunça

Nobel baýragynyň eýeleriniň atlary

Şwesiýanyň Korollyk ylymlar akademiýasy tarapyndan yglan edildi. Bu ýyl bu

baýragy amerikaly ykdysatçylar – 72 ýaşly Pol R. Milgrom we 83 ýaşly Robert Wilson “Auksion nazaryýetini kämilleşdirendigi we täze

auksion formatlaryny oýlap tapandyklary üçin” öz aralarynda paýlaşarlar.

“Olar diňe bir auksionlaryň nähili

işleýändigini we söwda gatnaşyjylaryň özlerini näme üçin belli bir tertipde alyp

baryşlaryny düşündirmän, eýsem, özleriniň nazary açyşlaryndan peýdalanyp,

harytlary we hyzmatlary satmak üçin düýbünden täze auksion formatlaryny oýlap

tapdylar” diýlip, resmi beýanatda bellenilýär.

Şu ýylky baýrak eýelerine medallar we

diplomlar ilçihanalaryň ýa-da uniwersitetleriň üsti bilen öz ýurtlarynda

gowşurylar. Stokgolmda we Osloda däp bolup gelýän Nobel baýragynyň gowşurylyş dabaralary, şeýle hem Alfred

Nobeliň aradan çykan güni 10-njy dekabrda Stokgolm şäher häkimliginde guralýan Nobel

dabarasy bu ýyl dünýäde emele gelen çylşyrymly

ýagdaýlar sebäpli ýatyryldy. Mundan öň, 2020-nji ýylyň fiziologiýa we

lukmançylyk, fizika, himiýa, edebiýat we Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri

belli boldy.

Ýene degişli makalalar

Nobel baýragyny bir million şwed krony möçberinde köpeltdiler
Nobel baýragynyň möçberi artdyrylar
Osloda 2023-nji ýylyň parahatçylyk boýunça Nobel baýragy gowşuryldy
Ýewropany güýçli gar we aýazly howa basdy
Edebiýat boýunça Nobel baýragy Ýun Fosse berildi
Alfred Nobel halkara baýragy döretmek baradaky wesýetnama gol çekýär