Norwegiýada agramy 180 kilogram bolan paltus balygy tutuldy

Norwegiýada agramy 180 kilogram bolan paltus balygy tutuldy

Britan deňizçisi Norwegiýada çeňňek bilen äpet paltus balygyny (kambala maşgalasyndan bolan deňiz balygy) tutdy. Bu hakynda The Sun gazeti habar berdi diýip, MIR 24 ýazýar.

Gündogar Angliýadaky Norija şäherinden bolan 45 ýaşly Pol Stiwens boýy iki metr, agramy 180 kilograma deň bolan paltus balygyny tutupdyr. Bu Birleşen Korollygyň raýaty tarapyndan henize çenli awlanan bu görnüşdäki iň uly balykdyr. Balygyň ýaşy 100 ýyla golaý diýlip çaklanylýar.

Balykçy habarçylar bilen gürrüňdeşlikde çeňňegine ilen paltusyň gaýygyny bir kilometrden hem uzaga süýräp äkidendigini gürrüň beripdir. Stiwensiň aýtmagyna görä, şondan soňra üç günläp onuň eginleri güýçli agyrypdyr.

Balykçy özüniň köpden bäri şeýle läheň balygy awlamagy arzuw edendigini sözüniň üstüne goşupdyr.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Oder derýasynda balyklar gyrylýar
180 kilogramlyk paltus balygy
Buz bilen örtülen ada
Balkanda “ak kerwen” dabarasy başagaýlyk döretdi, esgerler pagta ýygýar
Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyna giriziljek üýtgeşmeler