Nurana geljegi gurujylar

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 86-njy çagalar bakja-bagynda “Nurana geljegi gurujylar” atly körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekilerden çeper okaýyş geçirdiler. Ýurdumyzda körpe nesliň asylly terbiýe almagy, geljekde ata Watanymyza, il-günümize wepaly bolup ýetişmegi üçin “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Çeper okaýyşda çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekileriniň gahrymanlary bilen tanyşdyryldy.

Bakjabagyndaky çagalar okap berlen ertekileri ünsli diňläp özlerinde täsir galdyran gahrymanlary gyzyklanma bilen sorag-jogap alyşdylar.Bu bolsa çagalarda uly täsir galdyrdy, olarda kitaba bolan söýgüni has-da artdyrdy. Şeýle-de geçirilen çeper okaýyşyň çäginde göçme kitap sergisi hem gurnaldy.

Kitap sergisi ýaş nesliň her birinde kitaba bolan düşünjäni artdyrdy. Şeýle-de çagalara, kitap okan çaganyň jemgyýetde öz ornuny tapyp, kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin ýol-ýörelgedigi hakynda giňden maglumatlar berildi.

Bagtyýar nesillerimizi milli ruhda terbiýelemäge uly mümkinçilikler döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri mydama rowaçlyklara beslensin!

Ýene degişli makalalar

Milli sungatymyz ýaş sungaty öwrenijileriň gözi bilen
Baş sahypa Habarlar Gazetler Žurnallar Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna
Türkmenistana söýgi bilen: Aşgabatda Konstantin Bataşowyň, Igor Pinhasowyň we Merdan Bäşimowyň eserleri çalyndy
Harasat: “Henizem kömek ýok!”, Mejlisiň başlygy Lebapda, Daşary ýurtlarda protestler geçdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar
Türkmen kompaniýasy “Eýwan mebel” haryt nyşanly mebel önümlerini öndürýär