Nusgawy sazlaryň kamera konserti boldy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda nusgawy sazlaryň kamera konserti boldy.Sazly agşamy Türkmenistanyň at gazanan artisti Leýli Ökdirowanyň ýerine ýetirmeginde Nury Halmämmedowyň döreden Hirosimanyň we Nagasakiniň çagalarynyň diňlenmedik aýdymlary atly eserler toplumy açdy.

Leýliniň belent owazly koloratura sopranosy ýapon şahyrlarynyň goşgularyndaky we türkmen kompozitorynyň bu eserlere siňdiren inçe duýgularyny ähli öwüşginleri bilen açyp görkezmäge mümkinçilik berdi.Diňleýjiler aýdymçynyň wokal we artistlik ukybyna ýokary baha berdiler.

Konsertiň dowamynda Robert Şumanyň we Wolfgang Amadeý Mosartyň ýeňil hem-de nepis sonatalary ýaňlandy.Olary skripkaçylar Alan Kasymow, Selime Şaberdyýewa we Latifa Rahimowa ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa konserti Modest Musorgskiýniň, Nikolaý Rimskiý-Korsakowyň, Jakomo Puççininiň we Iogannes Bramsyň meşhur operalaryndan ariýalar bilen baýlaşdyrdy.

Dramatik soprano sese eýe bolan Gülnar çylşyrymly durmuş ýagdaýlaryna düşen gyzlaryň ýürek tolgunmalaryny täsirli ýerine ýetirmegi başardy.Aýdymçynyň ajaýyp wokal ukyby we gahrymanyň gussasyny deň paýlaşmagy diňleýjileriň gyzgyn garşylamagyna sebäp boldy.

Soňra sahnadaky roýalyň başyna konsertiň myhmany şu ýyl 1-nji çagalar sazçylyk mekdebini tamamlaýan Tylla Şirowa geçdi.Tylla mundan ozal konserwatoriýadaky konsertlerde ençeme gezek kompozitor hökmünde çykyş edipdi.

Bu gezek bolsa ol özüni zehinli pianinoçy hökmünde tanatdy.Tylla Nury Halmämmedowyň Dutaryň owazy atly sazly poemasyny, Lýudwig wan Bethoweniň 8-nji sonatasyny we Frederik Şopeniň Noktýurn atly sazyny ýerine ýetirdi. Ýaş pianinoçy çylşyrymly eserleri joşgunly, ýeňil we erkin ýerine ýetirdi.

Konsert aýratyn çykyşlar bilen bir hatarda konserwatoriýanyň uly mugallymy, halkara bäsleşikleriň diplomanty Stella Faramazowanyň synpyndaky talyplaryň konsertmeýsterlik ussatlygynyň hem ýokary derejededigini görkezdi.

Ýene degişli makalalar

Konsertmeýsterler ussatlygynyň Täze ýyl konserti
Tanymal pianinoçy Rozwita Lomeriň aşgabatly saz muşdaklaryna sowgady
Aşgabatda Ýewropa sazy ýaňlandy
Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr aýdym-saz muşdaklaryna naýbaşy eserleri peşgeş etdi
Täjik edebiýaty
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda