Nusgawy ýazyjylaryň eserleri tora goýuldy

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň rus edebiýaty instituty özüniň elektron kitaphanasynda käbir rus nusgawy ýazyjylarynyň eserleriniň doly ýygyndysyny ýerleşdirdi. Ýygynda 12 awtoryň eseri girizildi.Olaryň hatarynda Wissarion Belinskiý, Nikolaý Gogol, Fýodor Dostoýewskiý, Wasiliý Kapnist, Mihail Lermontow, Nikolaý Nekrasow, Feofan Prokopowiç, Aleksandr Puşkin, Aleksandr Radişew, Mihail Saltykow-Şedrin, Iwan Turgenew we Gleb Uspenskiý dagy bar.

Esasan hem, elektron kitaphana Dostoýewskiniň 30 jiltlik eserler ýygyndysy, Lermontowyň üç sany dürli ýygyndylary we beýleki işleri girizildi.Mundan ozal, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň dünýä edebiýaty instituty “Edebiýat nazaryýeti”, “Rus edebiýaty”, “Rus halkynyň we GDA ýurtlarynyň edebiýaty”, “Folklor barada ylym” ýaly bölümlere giren 360 sany seýrek kitaplary tora goýupdy.

Ýene degişli makalalar

Salam, Dogan! Aýal-gyzlaryň saýlap-seçmek hakyna kim, näme üçin dawa salýar?