Nýu-Delide Owganystanyň goňşy döwletleriniň howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň gepleşikleri geçiriler

Nýu-Delide Owganystanyň goňşy döwletleriniň howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň gepleşikleri geçiriler

10-njy noýabrda Hindistanyň paýtagtynda ýurduň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Şri Ajit Dowalanyň ýolbaşçylygynda Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçileriniň/ howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň gatnaşmagynda gepleşikler geçiriler.

Duşuşyga gatnaşyjylar Owganystanda ýakynda bolup geçen wakalary, sebit howpsuzlygynyň we ýurduň halkynyň parahatçylyga hem-de durnuklylyga ymtylyşyny goldamagyň meselelerini maslahatlaşarlar diýip, Hindistanyň daşary işler ministrligine salgylanyp ORIENT habar berýär. Gepleşikleriň barşynda şeýle hem ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň, şol sanda Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modiniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Hindistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň söwda ylalaşygy
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar
Hindistan global azyk howpsuzlygy üçin çözgüt hödürläp biler
Hindistan we Russiýa birnäçe ugurlarda ylalaşyklara gol çekdiler
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy — daşary ýurt neşirleriniň sahypalarynda