Nýu-Ýork dünýäde iň gymmat paýtagt diýlip ykrar edildi

Nýu-Ýork dünýäde iň gymmat paýtagt diýlip ykrar edildi

Ekonomist britan žurnalynyň wekilleri tarapyndan düzülen sanawa laýyklykda, Nýu-Ýork dünýäde iň gymmat paýtagt diýlip ykrar edildi diýip, Habar 24 ýazýar.Bu hümmetsizlenme hem-de dollaryň ýokary hümmeti bilen baglydyr.

Nýu-Ýorkdan başga-da sanawdaky ilkinji bäşlige Singapur, Tel-Awiw, Gonkong we Los-Anjeles girdi.Sanawyň ahyrynda Daşkent, Tunis, Tähran, Tripoli we Damask ýerleşýär.Umumy sanawda 172 sany iri şäher bar.

Bilermenler dünýäde dowam edýän harby gapma-garşylyklardyr Hytaýda girizilen koronawirus ýokanjyna garşy çäklendirmeler sebäpli dünýäniň ähli paýtagtlarynda durmuşyň nyrhynyň gymmatlandygyny belleýärler. Nyrhlar şu ýyl ýerli pullarda 8 göterim gymmatlady diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gymmat şäherleri
Eýranly Serkerde Siriýada Öldürildi
Eýran Ysraýyla garşy hüjüm başlatdy
BMG, Eýran-Ysraýyl Dartgynlygynyň Möwjemegine Alada Bildirýär
Türkiye Ysraýylyň Eýranyň Siriýadaky Ilçihanasyna Guran Hüjümini Ýazgardy
Stefan Dýužarrik Eýranyň Siriýadaky ilçihanasyna guralan hüjüm barada beýannama berdi