Nýu-Ýorkda DÖM-yň ýerine ýetirilişi boýunça Türkmenistanyň Meýletin milli syny bilen tanyşdyryldy

2019-njy ýylyň 18-nji iýulynda BMG-nyň ştab-kwartirasynda Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşan Türkmenistanyň wekilýeti Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýerine ýetirilişi boýunça birinji Meýletin milli syn bilen tanyşdyrdy diýlip, ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

EKOSOS-yň prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli syýasy forumyň mejlisinde çykyş edip, türkmen wekilýeti foruma gatnaşanlary ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary, durnukly ösüşe ýetmäge gönükdirilen milli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmekdäki üstünlikleri bilen tanyşdyrdy.

Tanyşdyrylyşda görkezilen wideoşekiller DÖM-yň görkezijileriniň milli derejä uýgunlaşdyrylmagyndaky üstünlikler, şeýle hem Türkmenistanyň sebit we ählumumy derejelerde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary bilen tanyşdyrdy.Hususan-da, ulag, energetika we ekologiýa ýaly esasy ulgamlara aýratyn üns berildi.

Esasy tanyşdyrylyşyň dowamynda DÖM-yň ýaş Ilçisi çykyş edip, Ýokary derejeli foruma ýurdumyzyň ýaş nesliniň adyndan ýüzlendi.Forumyň başlygy we oňa gatnaşanlar öz teswirlemelerinde 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berip, ýurduň bu ugurdaky syýasatynyň DÖM-ny durmuşa geçirmekde jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň üstünlikli birleşdirilmeginiň nusgasy bolup biljekdigini nygtadylar. Ählumumy wezipeleriň we görkezijileriň özara baglanşygyny seljermäge innowasion çemeleşme Türkmenistanyň MMS-nyň tapawutly aýratynlygy boldy.

Esasy çykyşlardan soň guralan interaktiw söhbetdeşlikde BMG-a agza ýurtlaryň wekilýetleri Türkmenistanyň wekillerine sowallar berdiler we çykyşlary teswirlediler. Şol günüň özünde türkmen wekilýeti BMG-nyň Baş sekretarynyň ykdysady meseleler boýunça Orunbasary Lýu Çženmin, BMG-nyň Baş sekretarynyň Orunbasary, BMG-nyň Terrorçylyga garşy göreş müdirýetiniň baştutany Wladimir Woronkow we BMG-nyň Baş sekretarynyň syýasy meseleler we dünýägurluşy meseleleri boýunça Kömekçisi Miroslaw Ýenç bilen duşuşyklar geçirdi.

Ýene degişli makalalar

20.07.2019 | BMG Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýerine ýetirilişi boýunça Türkmenistanyň Meýletin milli syny bilen tanyşdyryldy
Türkmenistanyň futbol çempionatynda ikinji aýlawa badalga berilýär
Ahal taryhynda dördünji gezek Türkmenistanyň kubogyna mynasyp
TÝL ― 2022: 25-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2022: 24-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2022: 23-nji tapgyra badalga berildi