TÜRKSOÝ guramasy türki dilli döwletleriň ruhy gymmatlyklaryny we taryhy-medeni mirasyny öwrenmekde, gorap saklamakda we wagyz etmekde aýratyn orun tutýar.Türkmenistan 2024-nji ýylda bu ugurdaky işlere uly goşant goşdy.
Bu barada iş sapar bilen Türkmenistana gelen Özbegistanyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekow şu gün Aşgabatda geçirilen TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 41-nji mejlisinde eden çykyşynda belläp geçdi.
