Oba hojalyk önümçiligine innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynyň ekologiýa we ykdysady taýdan netijeliligi

”Türkmensuwylymtaslama” ylmy-önümçilik we taslama institutynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň “Şorgala” daýhan birleşiginde ýerleşýän suwarymly ýerlerinde Oba we suw hojalygy ministrligi BMG-nyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde alty gektardan gowrak ýerde oba hojalyk ylmy barlaglar meýdanyny açdy.

Bu ýerde alymlar we oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmekde tejribesi ýetik adamlar suwarymly ekarançylyga serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary, şol sanda damjalaýyn we emeli ýagyş suwaryş usulyny ornaşdyrmak, şeýle hem ýerleriň şorlamagyna we zaýalanmagyna garşy göreş, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça bilelikde iş alyp barýarlar.

Şu ýylyň ýazynda topragynyň çüýrüntgisi az tejribe meýdançasynda dürli oba hojalyk ekinleri ekilip, olara suw tygşytlaýjy tehnologiýalar we agrotehniki täzelikler ulanylyp ideg edildi.Dürli edaralaryň wekilleriniň, şol sanda Oba we suw hojalygy ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri barada döwlet komitetiniň, etrap we welaýat häkimlikleriniň, TYA-nyň hünärmenleriniň, oba hojalyk uniwesitetiniň mugallymlarynyň, aspirantlarynyň we talyplarynyň, şeýle hem mülkdarlaryň gatnaşmagynda geçirilen seminarda ilkinji suwaryş möwsüminiň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda oba hojalyk ekinleri ýetişdirilende damjalaýyn we emeli ýagyş suwaryş ulgamlarynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň ugurlaryna garaldy, şeýle hem bilelikdäki ylmy barlaglaryň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Seminara gatnaşanlar döwrebap suwaryş ulgamlarynyň gurluşy bilen jikme-jik tanyşdylar we görkezme meýdançasynda ýetişdirilen gowaçadan, şugundyrdan, käşirden, noýbadan, mekgejöwenden hem-de ýorunjadan alnan hasyla baha berdiler.

Damjalaýyn usulda suwarylýan pagta meýdany oba hojalyk işgärlerinde uly gyzyklanma döretdi. Topragy aşa şorlaşan ýerleriň ortaça hasyllylygy her gektardan ortaça 50 sentnere golaý, döwrebap agrotehniki usullar ulanylan aýry-aýry ýerlerde 60 sentnere barabar boldy. Özü-de damjalaýyn suwaryşda alnan önüm birligine suw adatdakydan üç esse az harçlandy.

Ýorunja, şugundyr we käşir ýaly ekinler emeli ýagyş usulynda suwarylanda gowy hasyl berdi. Damjalaýyn suwaryş mekgejöweniň, şugundyryň we noýbanyň hasyllylygyna oňyn täsir etdi.

Bu meýdançada topragyň çyglylyk we şorlaşma derejesiniň ýagdaýyna gözegçilik edilýär, şeýle hem alnan önüm birligine suw we energiýa harçlanyşynyň hasaby ýöredilýär.

Ylmy barlaglar üç ýyl dowam eder, olardan alnan netijelere laýyklykda oba hojalyk ekinlerini damjalaýyn we emeli ýagyş usulynda suwarmagyň kadalary kesgitlener, suwdan rejeli peýdalanmak boýunça maslahatlar taýýarlanylar. Duşuşygyň guramaçylary ylmy-barlag meýdançasynyň daýhanlary oba hojalyk önümlerini öndürmegiň netijeli ekologiýa-ykdysady nusgalary bilen tanyşdyrmaga, ekarançylyga ylmy taýdan esaslandyrylan usullary giňişleýin ornaşdyrmaga ýardam etjekdigini nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Oba hojalyk önümçiligine innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynyň ekologiýa we ykdysady taýdan netijeliligi
Agro-Pak Türkmenistan 2023 atly halkara sergi
Netanýahu Her Damja Ganyň Hasabyny Berer
Türkmenbaşyda ählihalk bag ekmek çäresine niýetläp, býujet işgärlerinden pul ýygnalýar
Türkmenistan sanly ulgamlary ösdürmekde "BlackSparc" IT kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk eder