Ölen esgeriň hossarlarynyň gaýtadan medisina barlagyny geçirmek talaplary diňlenmeýär

Ölen esgeriň hossarlarynyň gaýtadan medisina barlagyny geçirmek talaplary diňlenmeýär

Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň goşunynda gulluk eden bir esgeriň duýdansyz aradan çykandygy we onuň maşgalasynyň esgeriň ölümini gaýtadan medisina barlagyndan geçirmek barada eden talaplarynyň diňlenmeýändigi hakynda maglumat gelip gowuşdy. “26-njy iýulda, ýagny anna güni 2000-nji ýylyň 6-njy iýunynda doglan esger Orazow Süleýman Gurbanaliýewiçiň jesedi dogan-garyndaşlaryna gowşuryldy. 25-nji iýulda Orazowyň ejesine jaň edip, oňa oglunyň zäherlenip ölendigini aýtdylar” diýip, Orazowyň hossarlarynyň biri bilen anonim şertde söhbetdeş bolan Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri 29-njy iýulda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, degişli türkmen resmileri esgeriň jesedini öýüne getirende, ejesi we hossarlary onuň garnynda gyýylan kesigiň bolandygyny we onuň gödek tikilendigini, şeýle-de içki organlarynyň alnandygyny görýärler. “Üstesine-de, onuň kelle çanagy açylyp, beýnisi alnypdyr.

Jeset durşuna gan bilen örtülendi. Şeýle-de, esgeriň arkasynda birnäçe deşik bardy we olar letde, esgi bölekleri bilen örtülendi. Şeýle-de, esgeriň jesedi örän gurak bolany sebäpli ol uzak wagt öň ölen ýaly bolup görünýärdi” diýip, Orazowyň garyndaşy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, türkmen häkimiýetleri esgeriň ejesini we hossarlaryny ony şol güni jaýlamaga mejbur edýärler.Ol Çoganlynyň gonamçylygynda jaýlanýar. Şeýle-de, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Içeri işler işler ministrliginiň wekilleri Orazowyň jesedini ejesine we hossarlaryna gowşuranda, onuň bedenindäki deşikleriň sebäplerini we garnyndaky organlaryň, şeýle-de beýnisiniň näme üçin alnandygyny düşündirmeýärler. Şu sebäpli Orazowyň ene-atasy esgeriň ölümi barada berlen resmi düşündirişe şübheli göz bilen seredýärler.

Merhumyň ejesiniň we hossarlarynyň esgeriň ölümini gaýtadan medisina barlagyndan geçirmek barada eden talaplary hem diňlenmeýär. “Orazowyň hossarlary onuň arkasyndan atylandygyny we şol sebäpli onuň içki organlarynyň we beýnisiniň alnandygyny çaklaýarlar.

Emma olar hiç zady subut edip bilmeýärler, sebäbi olaryň gaýtadan medisina barlagyny geçirmegine rugsat bermeýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşi aýtdy.Kakasy mundan üç ýyl çemesi ozal ýogalan Süleýman Orazow Gurbanaliýewiç harby gulluga geçen ýylyň noýabrynda çagyrylypdy.

Ol Guşgydaky 2108 belgili harby bölümde gulluk edýärdi.Orazow Aşgabat şäheriniň “Gaudan W” etrapçasynda, Oguzhan köçesiniň ugrundaky 86-njy jaýda we 45-nji kwartirada ýaşaýardy. “Süleýman kakasyz maşgalanyň uly oglydy.

Onuň kakasy 41 ýaşynda aradan çykdy.Ejesi ýeke özi çagalaryny ekläp, ýetişdirýär.Süleýmanyň özünden kiçi 12 ýaşyndaky gyz we 9 ýaşyndaky oglan jigileri galdy. Ýurduň Goranmak ministrligi ýa-da beýleki organlar maşgala maddy kömek teklip etmedi” diýip, Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşi aýtdy.

Türkmenistanyň Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakyndaky kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, harby gullukçylar özleriniň harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän mahalynda wepat bolan halatynda, aradan çykanyň mirasdarlary bolup durýan maşgala agzalaryna deň paýda aradan çykanyň ýyllyk zähmet hakynyň 10 essesi möçberinde birwagtlaýyn kömek puly tölenilýär.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginden we Içeri işler işler ministrliginden kommentariý almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.Türkmenistanyň Goranmak ministrliginde telefona jogap beren we özüni tanyşdyrmakdan saklanan jogapkär resmi özleriniň bu barada kommentariý berip bilmejekdigini aýtdy.

Azatlyk Radiosy türkmen goşunyndaky ölen esgerleriň hossarlarynyň gaýtadan medisina barlagyny geçirmek talaplarynyň diňlenmeýändigi barada mundan ozalky ýyllarda hem habar beripdi. 2014-nji ýylda Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň “Türkmenistan” obasynda ýaşaýan Annagül Çöliýewa Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde goşunda gulluk eden ýüwürjisi Ygtyýar Hydyrowyň urlup öldürilendigini, onuň jesedini gaýtadan medisina barlagyndan geçirmek barada eden talaplarynyň diňlenmändigini aýdypdy.

Maglumat üçin aýtsak, Guşgydaky 2108 belgili harby bölüm Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedinde ýerleşýär.Mundan ozal, uzynlygy 744 kilometre barabar bolan türkmen-owgan serhedinde ýaramazlaşýan howpsuzlyk şertleri barada wagtal-wagtal habarlar peýda bolupdy.

Geçen ýylyň iýulynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy türkmen-owgan serhedinde iýun aýynda türkmen serhetçileri bilen Owganystan tarapdan hüjüm eden neşe gaçakçylarynyň arasynda dörän ok atyşygynda 25 türkmenistanly esgeriň wepat bolandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Prezidentiň gorag polkundaky lebaply esgeriň öz janyna kast edendigi aýdylýar
Milli žiwopis mekdebiniň halypalary: Ýakup Annanurow
Reňkleri dillendiren ussat