Önümçiligini artdyrar

Uzak ýyllaryň dowamynda ýarymgeçiriji pudagynyň öňdebaryjy kompaniýasy bolan “Intel” soňky ýyllarda bäsdeşleriniň artmagy bilen yzda galypdy.Häzirki wagtda TSMC we “Samsung” ýaly kompaniýalar bu ugurda öňdeligi eýeleýär.

Amerikan brendi önümçiligini artdyryp, ýokarky basgançaklara çykmagy maksat edinýär.Geçen ýyl kompaniýa “Intel Foundry Services” atly bölümini esaslandyryp, beýleki brendler üçin hem çip önümçiligini ýola goýupdy.Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli dünýäniň iň uly ikinji ýarymgeçiriji öndürijisi bolmagy meýilleşdirýär.

NVIDIA we “Qualcomm” ýaly brendler köp ýyldan bäri öz harytlaryny TSMC we “Samsung Foundry” kompaniýasyna sargyt edýär. Şeýle bolansoň, bu ugurdaky bäsdeşlik ýiti bolup, bu ýagdaý kompaniýalaryň has köp maýa goýum goýmaklaryny şertlendirýär.

Hakmyrat Hojaýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Balkan zawody gämi gurluşyklarynda Niderlandlaryň birnäçe kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy maksat edinýär
Jeff Bezos Amazon-yň baş direktory wezipesinden gitdi
TURKMENISTAN AND UNOPS: NEW LANDMARKS OF COOPERATION FOR THE ATTAINMENT OF THE SUSTAINABLE DEVELOPMENT GOALS
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Jeff Bezos 5-nji iýulda Amazon-yň baş direktory wezipesinden gider
Türkmen-rus söwda dolanyşygy $1 milliarda golaýlady.