Önümçiliginiň çägini giňeldýär

Koreýa Respublikasynyň “Samsung” kompaniýasy dürli görnüşli elektron enjamlaryny, şol sanda smartfonlary öndürmegi bilen tanalýar.Kompaniýanyň dünýäniň dürli ýerlerinde önümçilik desgalary bolup, her sebitiň bazary üçin aýratyn enjamlary öndürýär. Önümçilik desgalaryň köp ýerde bolmagy müşderilere çalt we aňsat ýetirilmegini üpjün edýär.

Kompaniýa önümçiliginiň çägini giňeldip, Müsürde hem zawod gurmagy maksat edinýär.Häzirki wagtda bu kompaniýanyň iň uly önümçilik desgasy Wýetnamda ýerleşýär.Kompaniýanyň Müsürde gurjak smartfon zawodynyň meýdany 6 müň inedördül metre ýeter. Ýylyň ahyrynda gurluşygyna başlanjak desga 1 müň 400 adamy iş bilen üpjün eder.

Ýene degişli makalalar

Gyzylbalyk eksporty 56 göterim artdy
Saglygy goraýyş, bilim we sport bagtyýarlyk, rowaçlyk
Mirasy şäherleriñ Bütindünýä Guramasynyñ IV Aziýa - Ýuwaş ummany sebitleýin maslahaty
Türkmenistan ilkinji gezek Bütindünýä mirasynyň şäherleri guramasynyň sebitleýin forumyna gatnaşýar
45 sany ýaş oýlap tapyjy Türkmenistanda geçirilen Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Yragyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär, Ýagşymyradow Bellator ýaryşynda ýeňiş gazandy, Türkmenistanyň medeniýet ministri TURKSOÝ-yň mejlisine gatnaşar we beýleki habarlar
Türkmen wekiliýeti ulag ulgamy boýunça Astanada geçirilen New Silk Way işewürlik forumyna gatnaşdy