Ösen ýurtlaryň döwlet bergileri 15 ýylda iki esse artdy

Ösen ýurtlaryň döwlet bergileri 15 ýylda iki esse artdy

Ösen ýurtlaryň jemi döwlet bergisi soňky 15 ýylda iki esseden hem artyp, 54 trillion dollara deň boldy. Muňa Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň maglumatlary güwä geçýär diýip, Gazeta.ru ýazýar.

2008-nji ýyldan bäri görkeziji 30 trillion dollara çenli artdy, seljerijiler 2024-nji ýylyň ahyryna çenli munuň 56 trilliona ýetjekdigini çaklaýarlar.

Umumy döwlet bergisiniň esasy bölegi ABŞ-a degişlidir, ol 30 trillion dollar. Ýurduň esasy karz berijileri Hytaý we Ýaponiýa. Ýewropa Bileleşigine ösen ýurtlaryň jemi döwlet bergisiniň 20 göterime golaýy düşýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasyna ÝB-i, ABŞ-ny, Kanadany, Ýaponiýany we Türkiýäni goşmak bilen, 38 döwlet girýär. Olara dünýäniň jemi içerki önüminiň 60 göterime golaýy degişlidir.

Ýene degişli makalalar

2022-nji ýylyň iň gowy senagat tendensiýalary
Miweli ülke HK-da sowadyjy ammarynyň gurluşygy uly depginler bilen dowam edýär
Milletimize Beýik we Güýçli Türkiýe Wada Berýäris
Erdogan Maksatlarynyň Türkiýäni Dünýäniň Ösen 10 Ykdysadyýetiniň Hataryna Goşmakdygyny Aýtdy
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman...
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine