Ösümlikler özara aragatnaşyk saklaýar

Ýaponiýanyň Saýtama uniwersitetiniň alymlary ilkinji gezek uçýan organiki birleşmeleriň (UOB) zyňyndylary arkaly ösümlikleriň arasyndaky aragatnaşygy wizuallaşdyrdylar. Bu barlag “Nature Communications” (NatComms) ylmy žurnalynda çap edildi.

UOB arkaly ösümlikleriň arasynda howa aragatnaşygy hadysasy ilkinji gezek 1983-nji ýylda hasaba alnypdy. Zyýan berijiler hüjüm edende, ösümlik käbir maddalary howa arkaly geçirmek bilen, beýleki ösümliklere howp abanýandygyny habar berýär. Şeýle-de bolsa, soňky 40 ýylda biologlar ösümlikleriň bu signallara molekulýar derejede nähili jogap berýändigini anyklap bilmediler.

Professor Masasugu Toýotanyň ýolbaşçylygyndaky barlag topary ösümlikleriň UOB-lary nädip bölüp çykarýandygyny we kabul edýändigini hakyky wagtda wizuallaşdyrmagy başardylar.

Alymlar sagdyn ösümlikleriň zeper ýeten goňşularyndan ýörite belok sensorlaryny ulanyp duýduryş signallaryny kabul edýändigini anykladylar. “Biziň görüşimiz üçin gizlin bolan bu aragatnaşyk ulgamy goňşy ösümlikleriň howp abanmagyndan öz wagtynda goralmagynda möhüm rol oýnaýar” diýip, professor Toýota belleýär.

Ýene degişli makalalar

Garagumuň içi bilen 358 kilometr: Türkmenistanda ralli-reýd ýaryşynyň ýeňijileri kesgitlendi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşygyndaky çykyşy
Türkmenistan plastik çüýşelerini, durmuş tehnikasyny gaýtadan işleýän zawodyň taslamasyny öwrenýär
Türkmenistan Merkezi Aziýa — Ýaponiýa dialogynyň çäklerindäki strategik hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýar
Türkmenistan bilen Ýaponiýa tehnologik hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna gadam basýar
Balkanda sary taksiler 'ýok edilip', işsiz galan sürüjiler dört aýlap aýlygyny alyp bilmeýär