Öýde hereketsiz bolmaň!

Beden we akyl saglygy üçin wagtly-wagtynda iýmitlenmek hem-de maşk etmek zerurdyr. Tomus paslyny köp adam öýde geçirýär. Dynç alyş ýa-da zähmet rugsady bolmagyna garamazdan, öýde dürli maşklary ýerine ýetirmek we salkyn howada gezelenç etmek saglyk üçin ähmiýetlidir.

Sagdyn hereket üçin ilki bilen ertirlikden başlamaly. Ýagny ertirlik naharyny beloga, witamine baý iýmitleri hökmany ýagdaýda iýmeli.Bu immuniteti ýokarlandyryp, bedeniň gorag ulgamyny güýçlendirýär.Deňagramly we sagdyn iýmit sanawyna gök önümlerdir miweleri hem goşup bilersiňiz. Ýagly, ýönekeý uglewodly we şekerli iýmitlerden uzakda durmaly. Şeýle hem et önümlerini azaldyp, gök önümlere köpräk üns bermeli.

Her gün 2-4 litr aralygynda otag temperaturasyndaky suw içmeli.Iýmit sanawy dogry berjaý edilende adam özüni rahat we ýeňil duýýar.

Tomus paslynda howanyň gyzgynlyk derejesini göz öňünde tutmak bilen daşary çykmazdan, öýde dürli maşklary ýerine ýetirip bilersiňiz. Ýoga, el-aýak myşsa maşklary öýde ýerine ýetirip bolýan maşklardyr. Bulardan başga-da, irden ýa-da agşamara salkyn howada ýöremek, welosiped sürmek arkaly bedeniňizi taplap bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Dynç günleri teatrlarda görkeziljek sahnalardyr konsertler
Belentden ýaňlanan owazlar
Tomus: düzgünleri berjaý ediň!
Telekeçilik şertleri ilaty däl, aýratyn alnan adamlary baýadýar
Eýranda Aşa Yssy Howa Sebäpli 2 Gün Dynç Yglan Edildi
Bagtyýar çagalaryň bagtly pursatlary