Özbegistan 2027-nji ýyly “Öňüni alyş diplomatiýa ýyly” diýip yglan etmegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2027-nji ýyly “Öňüni alyş diplomatiýa ýyly” diýip yglan etmegi meýilleşdirýär

Özbegistan Goşulmazlyk Hereketine başlyklyk etmeginiň çäklerinde 2027-nji ýyly “Öňüni alyş diplomatiýa ýyly” diýip yglan etmegi meýilleşdirýär.

Bu barada Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara forumda eden çykyşynda habar berdi.

“Özbegistan, Goşulmazlyk Hereketine başlyklyk edýän döwründe 2027-nji ýyly Öňüni alyş diplomatiýa ýyly diýip yglan etmegi meýilleşdirýär,” diýip belledi.

Özbek Lideriniň bellemegine görä, bu başlangyç, dürli gapma-garşylyklaryň öňüni almak we geljekki nesiller üçin parahatçylygy üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalary goldamaga gönükdirilendir. Bu wezipäni durmuşa geçirmek üçin halkara maslahatlary, forumlary, şeýle hem parlamentar, jemgyýetçilik we ýaşlar wekiliýetleriniň alyş-çalşygyny öz içine alýan ýörite çäreler maksatnamasy taýýarlanylar.

Mirziýoýew, Özbegistanyň başlyklygynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini öňe sürmegi, syýasy dialog esasynda ýurtlaryň arasyndaky ynamy berkitmegi, şeýle hem özara düşünişmek we agzybirlik ýagdaýyna ýardam etmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Dünýäniň dokma senagatynyň öňdebaryjylary Aşgabatdaky halkara sergi-ýarmarkada
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanda dem alyş ýollarynyň keselçiligi ýaýraýar, ölüm hadysalarynyň bardygy aýdylýar
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna (2025-nji ýyl), Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň Aşgabat Jarnamasy