Özbegistan “Lada” we “Renault” awtoulaglarynyň önümçiligini özleşdirmegi meýilleşdirýär

Özbegistan “Lada” we “Renault” awtoulaglarynyň önümçiligini özleşdirmegi meýilleşdirýär

Özbegistan “LADA” we “Renault” kysymly awtoulaglarynyň önümçiligini özleşdirmegi meýilleşdirýär. Taslama 2021-2023-nji ýyllar üçin ýurduň maýa goýum maksatnamasynyň çäginde durmuşa geçiriler diýip, “UzDaily” habarlar agentligi penşenbe güni habar berdi.

Özbegistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 28-nji dekabryndaky Karary esasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin maýa goýum maksatnamasy tassyklandy.

Habarda bellenilişi ýaly, “Jizzak” erkin ykdysady zolagyndaky “ADM-Jizzakh” zawodynda “LADA” we Renault” kysymly awtoulaglarynyň önümçiligi ýola goýlar.

Taslamanyň umumy bahasy ABŞ-nyň 60,9 million dollaryna barabar bolup, 2021-nji ýylda 33,3 million ABŞ dollaryna barabar bolan maýa goýumyň özleşdirilmegi meýilleşdirilýär.

Täze önümçiligiň iş kuwwaty ýylda 100 müň awtoulag öndürmäge mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

Kindiwanja ulagy satuwa çykardy
90-njy awtoulag sergisi
Ýewropada ýylyň awtoulagy saýlandy
Ýylyň awtomobili — 2022 bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi
2030-njy ýyla çenli Nissan-yň Ýewropadaky satuwynyň 80%-i elektromobilleriň we gibridleriň paýyna düşer
“Car of the Year-2022” bäsleşiginiň finalçylary kesgitlendi
“Daimler” özüniň “Renault” kompaniýasyndaky paýnamalaryny satdy