Özbegistan Samarkant — Buhara — Türkmenbaşy awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrdy

Özbegistan Samarkant — Buhara — Türkmenbaşy awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrdy

Özbegistan Samarkant — Buhara — Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň öz çägindäki bölegini döwrebaplaşdyrdy. Has takygy, dört zolakdan ybarat bu ýol asfalt beton bilen örtüldi. Munuň özi onuň 20 ýyllap ýokary derejede saklanmagyna şert döreder. Bu barada Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýurduň ulag ulgamynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş mejlisine salgylanyp, Uzdaily habar berýär.

Bu ýerde ugurdaş goşmaça ýol hem guruldy. Täze ýol belgileri, elektron displeýler we gün panelleri arkaly yşyklandyryş ulgamy gurnaldy. Ýoluň ugrunda bezeg agaçlary oturdylýar diýlip, çeşmede bellenilýär.

Mundan başga-da, Özbegistanyň Prezidenti bu taslamanyň dowamy hökmünde ýurduň Gijduwan sebitinden Türkmenistanyň serhedine çenli 155 kilometrlik ýoly täzeden gurmak taslamasyny hem tassyklady.

Ýene degişli makalalar

Täze bazarda işlejek adamlaryň 'üç arkasy' barlanýar
Türkmenistandan “beýik göçüşlik”. Adamlar garyplykdan we gadaganlykdan gaçýarlar. Özbegistan barlag nokadyny ýapdy
Özbegistanda täze halkara awtobus gatnawlary ýola goýlar
Abdulkadir Damolla uýgur ýazyjysy, şahyr döwlet adamy we alym
Halypalyk mekdebi
Türkmen döwlet maliýe institutynda geçirilen halkara olimpiadanyň netijeleri yglan edildi