Özbegistan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Azerbaýjana uly mukdarda awtoulag ätiýaçlyk şaýlaryny iberdi

Özbegistan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Azerbaýjana uly mukdarda awtoulag ätiýaçlyk şaýlaryny iberdi

Özbegistandan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen Azerbaýjana ýüzden gowrak 40 futlyk konteýnerleri iberdi.

Awtoulag ätiýaçlyk şaýlary ýüklenen konteýnerler Azerbaýjanyň AZERMASH SP LLС kompaniýasy üçin niýetlenendir diýip, Türkmendeňizderýaýollary agentligi habar berýär.

Awtoulag pudagynda ulanylýan ätiýaçlyk şaýlary UzAVTO MOTORS paýdarlar jemgyýeti tarapyndan iberildi. Portdan ýük daşamalaryny amala aşyrmak bolsa, Türkmenistanyň Ulag logistika merkezi PJ tarapyndan amala aşyryldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Deňiz Söwda floty 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenbaşy — Baku — Türkmenbaşy ugry boýunça konteýner daşamalaryny amala aşyrmak üçin Balkan gämisini fider gatnawlarynda ulanyp başlady.

Ýene degişli makalalar

Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
BAE-niň emirlikleriniň biri dünýä rekordyny goýdy
Awtoulagyň döredilen güni
Mary welaýatynyň çäginde iki sany awtoulaglara ýangyç guýuş beket açyldy
Türkmenabat: Ýangyç beketlerindäki A-95 benzininiň hili pes
Awtoulag ussahanalarynda geçirilýän barlaglar 'işsizleriň sanyny köpeldýär'
Güýçli çabgalar Polşanyň günortasynda sil joşgunlaryny döretdi