Özbegistan we Türkmenistan halkara ýük daşamalary üçin tölegleri kämilleşdirmekçi

Özbegistan we Türkmenistan halkara ýük daşamalary üçin tölegleri kämilleşdirmekçi

2024-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda awtoulaglar arkaly halkara ýük daşamalary bilen baglanyşykly tölegler we tutumlar meselesi boýunça Özbegistanyň we Türkmenistanyň bilermenler toparynyň mejlisi geçirildi. Bu barada Uzdaily habar berdi.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisiň dowamynda taraplar iki ýurduň ýük daşaýjylary üçin tölegleri kämilleşdirmek, şeýle hem Özbegistanyň we Türkmenistanyň çäklerinde halkara ýük gatnawlaryna gatnaşyjylara wiza almak düzgünlerini ýönekeýleşdirmek üçin hökümetara şertnama gol çekişmek işini çaltlaşdyrmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy Özbegistanyň rugsatnamalaryň şol wagtyň özünde elektron çalşylmagyny üpjün edýän E-rugsatnama ulgamyna geçiş tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirdi.

Taraplar geljekde ýokarda agzalan ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça öňde durýan esasy wezipeleri kesgitlediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Özbegistan serhetden geçiş mümkinçiligini giňeltmekçi
Öýlere baýdak asmaklyk talap edilýär, iri sosial hasaplar 'baýdak wideolary bilen çaýkalýar'
Moskwany güýçli çabga basdy
Brýusselde Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanyp döredilen wideoýazgynyň görkezilişi boldy
Singapuryň kazinosynda uly utuş gazanan oýunçy howply ýürek tutmasyndan soňra özüne geldi
Ysraýylly esgerler tiz kömege garaşýan palestinalyny öldürdiler
London-Singapur aralygynda gatnaýan uçar çaýkamagy sebäpli 20 adam hassahana düşdi