Özbegistanda 100-den gowrak bina bezegleri medeni miras diýlip yglan edildi

Özbegistanda 100-den gowrak bina bezegleri medeni miras diýlip yglan edildi

Ministrler Kabinetiniň kararyna laýyklykda, Özbegistanda 157 töweregi mozaika pannolary monumental sungatyň ýadygärlikleri diýlip yglan edildi hem-de maddy medeni mirasyň gozgalmaýan obýektleriniň sanawyna girizildi. Bu barada Daryo.uz saýty habar berýär.

Olar döwlet kadastryna giriziler we ol binalardaky hem-de ýanaşyk ýerlerdäki islendik iş görnüşini Medeni miras agentligi bilen ylalaşmaly bolar.

Sanawa Daşkent, Nöküs, Ürgenç, Hywa, Samarkant, Namangan, Andyjan, Jyzak, Kokant, Angren, Gülüstan şäherlerindäki we birnaçe etraplardaky binalarda ýerleşýän mozaika bezegleri girizildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda welaýatlar boýunça teklip edilýän dolandyryş-çäk özgertmeleri
Daşoguz welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyna giriziljek üýtgeşmeler
Özbek edebiýaty: uzak geçmişden biziň günlerimize çenli
Türkmenistanda käbir dolandyryş-çäk birlikleriniň ady üýtgedildi
Türkmenistanda haýsy obalara şäherçe derejesi berler?
Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyna giriziljek üýtgeşmeler