Özbegistanda dünýäde iň iri ýel elektrik stansiýasy peýda bolar

Özbegistanda dünýäde iň iri ýel elektrik stansiýasy peýda bolar

Özbegistan bilen Saud Arabystany Garagalpagystanda dünýäde iň iri ýel parkyny gurmak hakynda ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada Özbegistanyň Energetika ministrligi habar berdi.

Iki ýurduň energetika ministrleriniň duşuşygynyň barşynda saud kompaniýalarynyň wekilleri tarapyndan 12 mlrd dollarlyk hyzmatdaşlyk boýunça üç resminama gol çekildi. "Garagalpagystan Respublikasynda ACWA Power kompaniýasy tarapyndan kuwwaty 1,5 GWt bolan ýel parkynyň gurluşygy boýunça ylalaşyk şolaryň birinji resminamasydyr.

Agzalan taslama diňe bir sebitde iň iri ýel eletrostansiýasy bolman, eýsem, tutuş dünýäde hem iň ulusy bolar" - diýip, habarda aýdylýar.Ministrligiň maglumatlary boýunça, ÝES-niň kuwwaty 1,65 mln hojalygy elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge ýeter we ýylda 2,4 mln tonna uglerod zyňyndylarynyň öwezini tutar diýip göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Çekirtge howpy, zyýankeşler daýhanlary 'ünjä goýýar'
Türkmenistanda etniki özbeklerden öz milli atlaryny dakmazlyk talap edilýär
Türkmenistan we Özbegistan serhetden geçiş mümkinçiligini giňeltmekçi
Beýik döwlet bizi saýasyna aldy. Gazagystandan pena alyp bilmedik garagalpaklar ABŞ bardylar
Türkmen mediasy ABŞ diplomatynyň Türkmenistany "durnuklylyk adasy” atlandyrandygyny habar berýär
Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi