Özbegistanda mätäçlik çekýän hojalyklara türkmen suwuklandyrylan gazy mugt paýlanar

Özbegistanda mätäçlik çekýän hojalyklara türkmen suwuklandyrylan gazy mugt paýlanar

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da berkitmek maksady bilen, Türkmengaz döwlet konserniniň başlygyna bellenilen möçberdäki suwuklandyrylan gazy Özbegistana muzdsuz ibermek barada tabşyryk beripdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda iberilen suwuklandyrylan gaz ýüklenilen wagonlar 19-njy fewralda Özbegistana baryp gowuşdy. Bu barada Özbegistanyň Hududgaztaminot edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Habarda bellenilişine görä, Türkmenistandan Özbegistana ugradylan suwuklandyrylan gazyň möçberi 2 müň tonna barabar bolup, onuň 1 müň tonnasy Garagalpagystan Respublikasynyň, 1 müň tonnasy bolsa Horezm welaýatynyň ýaşaýjylaryna paýlanylar.

Özbegistanyň Energetika ministrligi muzdsuz iberilen türkmen suwuklandyrylan gazynyň mätäçlik çekýän hojalyklara mugt paýlanyljakdygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

'Demirýol derdi' bejerilmeýär, ilat Azatlyk arkaly sesini eşitdirmäge çalyşýar
Türkmenistandan “beýik göçüşlik”. Adamlar garyplykdan we gadaganlykdan gaçýarlar. Özbegistan barlag nokadyny ýapdy
Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Bahreýne ugrar, Mişustin Türkmenistandaky mekdebe roýal sowgat etdi, Azerbaýjan Baku bilen Türkmenbaşynyň arasynda gatnaw nyrhlaryny arzanladar we beýleki habarlar
Çawuşogly Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wekili bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
DIM: Türkmenistan Özbegistandaky wakalar bilen bagly goldawyny bermäge taýýar
Türkmenistan Garagalpagystandaky wakalara alada bildirýär