Özbegistanda milli sosial ulgamy döretmek boýunça bäsleşik yglan edildi

Özbegistanda milli sosial ulgamy döretmek boýunça bäsleşik yglan edildi

Özbegistanyň Innowasion ösüş ministrligi halkara derejeli milli sosial ulgamy döretmek boýunça bäsleşik yglan etdi. Oňa gatnaşyjylara şeýle taslamany işläp düzmek üçin bir ýyl möhlet berildi diýip, Interfax.ru ýazýar.

Bäsleşige ýüztutmalar 1-nji oktýabra çenli kabul ediler diýlip, ady tutulan ministrligiň metbugat gullugy habar berdi.

Özbegistanda öň hem milli sosial ulgamy ýa-da messenjeri döretmek üçin synanyşypdylar. Ýurtda 38 sany milli sosial ulgamyň hereket edýändigi habar berilse-de, olar köpçülikleýin häsiýete eýe bolup bilmedi.

Ýene degişli makalalar

Sanly çözgüt 2024 bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär
Gahryman Arkadagymyzyň suw diplomatiýasy
Özbegistan milli messenjerini we sosial toruny döreder
Lebap gazturbinaly elektrik stansiýasy aýda 104 million kWt/sagat elektrik energiýasyny öndürýär
Sagdyn nesil bagtyýar geljek
Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly işewürler bilen geljegi uly taslamalara garady