
Özbegistanyň paýtagty Daşkentde bir firmanyň ammarynda bolan partlamada 1 adam ýogaldy, 163 adam ýaralandy.
Özbegistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginden berlen beýannama görä, Daşkendiň Sergeli etrapçasynda bir firmanyň ammarynda partlama boldy.
Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, partlamada 1 adamyň ýogalandygy, 163 adamyň ýaralanandygy nygtaldy.
Ýaralananlardan 24 adamyň hassahanada bejergi astyna alynandygy bellenildi.
Premýer-ministr Abdulla Aripowyň wakanyň başdan geçirlen ýerine baryp görendigi nygtaldy.
Prezident Şawkat Mirziýoýewiň tabşyrygy boýunça partlama sebäpli ejir çekenlere degişli kömegiň berilmegi maksady bilen Wise-premýer Açylbaý Ramatowyň ýolbaşçylygynda ýörite komissiýanyň döredilendigi ýatladyldy.