Özbegistanda türkmen we özbek ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi

Özbegistanda türkmen we özbek ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi

29-njy oktýabrda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň binasynda türkmen we özbek ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygy beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, oňa iki ýurduň şahyrlarydyr ýazyjylary, medeniýet we ylmy işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Özbegistanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenler gatnaşdylar.

Çäre başlanmazdan öň Daşkent şäherinde ýerleşýän Ýazyjylar seýilgähine gezelenç guraldy. Bu ýere ýygnananlara seýilgähiň taryhy hem-de onda döredilen mümkinçilikler barada gürrüň berildi.

Seýilgähiň merkezinde bolsa Gündogar edebiýatynyň ägirtleriniň biri bolan Alyşir Nowaýynyň belent heýkeli ýerleşdirilipdir.Seýilgähde ýerleşýän heýkelleriň ählisiniň nazary Nowaýa tarap öwrülen şekilde bina edilipdir.Bu bolsa özbek halkynyň beýik şahyra goýýan hormatyny alamatlandyrmak bilen, onuň edebi mirasynyň hemmeler üçin döredijilik mekdebi bolup durýandygyny subut edýär.

Gezelenje gatnaşanlaryň nygtaýyşlary ýaly, Magtymguly Pyragy hem Alyşir Nowaýynyň döredijiligini ürç edip öwrenip, ony özüniň ruhy halypalarynyň biri hasaplapdyr.

Gezelenç tamamlanandan soňra Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň muzeýi bilen tanyşlyk çäresi guraldy. Muzeýde Özbegistanyň halk ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň, edebiýatşynaslarynyň ömri we döredijiligi bilen tanyşdyrýan diwarlyklar, arhiw fotosuratlary, dürli döwürlere degişli neşirler, ýygyndylar ýerleşdirilipdir.

Türkmen wekiliýetine özbek edebi işgärleriniň bitiren hyzmatlary, döreden eserleri we mirasy barada gyzykly gürrüňler berildi. Hususan-da, nusgawy we häzirki zaman türkmen edebiýatyna degişli eserleriň özbek dilindäki neşirleri görkezildi. Munuň özi türkmen edebiýatynyň goňşy halklarda uly gyzyklanma döredýändigini aýdyňlygy bilen subut edýär.

Tanyşlygyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy muzeýiň ýazgylar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň mejlisler zalynda iki ýurtdan wekilleriň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşygy geçirildi.

Çykyş edenler türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny nygtadylar.

Çykyş edenler medeni gatnaşyklary berkitmekde edebiýatyň uly ornunyň bardygyny nygtadylar. Hususan-da, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi halklaryň arasyndaky dostluk köprüsiniň berk binýatlarynyň biri bolup durýar.

Akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlyklaryny beýan edýän we hiç wagt ähmiýetini ýitirmeýän setirlerine özbek halkynda hem uly sarpa goýulýar. Şahyryň goşgulary türkmen halkynda bolşy ýaly, özbek halkynda hem nakyllara öwrülip, akyl-paýhas ummany hasaplanýar.

Özbegistanly wekilleriň çykyşlarynda belleýişleri ýaly, Magtymgulynyň sözlerine döredilen aýdymlar ýurtda geçirilýän ähli toý-baýramlara aýratyn bezeg berýär.Daşkent şäheriniň köçeleriniň birine Magtymgulynyň ady dakyldy.Bu ýerde köp sanly alymlar bütin ömrüni Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlap, birnäçe ylmy işleri döretdiler hem-de şahyryň edebi mirasyny dünýä ýaýmaga mynasyp goşant goşdular.

Häzirki wagtda şahyryň eserleri daşary ýurt dilleriniň onlarçasyna terjime edildi. Şolaryň hatarynda özbek dilindäki neşirler iň köp nusgada taýýarlanyldy.

Bular barada aýtmak bilen, çärä gatnaşyjylar 2024-nji ýylda beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň belleniljekdigini, şol ýylyň Türki döwletleriň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edilendigini aýdyp, bu çözgüdiň iki ýurduň halkyny hem diýseň begendirendigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, bu möhüm senäni guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek boýunça iki ýurtda hem görülýän çäreler barada aýdyldy.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda türkmen medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerine döredilen aýdymlar ýerine ýetirildi. Şirin owazlar çärä gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary döretdi we gyzgyn elçarpyşmalar bilen garşylandy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň giňeldilmegi, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda ýurtlarymyz tarapyndan döredilýän mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar we halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlygyň mundan beýläk-de berkemegini arzuw etdiler.

Özbegistan Respublikasyndaky Türkmenistanyň Medeniýet günleri dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ÄHLI HALKYNA
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen gutlady
Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär
Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dünýäsiniň ordeni bilen sylaglanyldy
Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly geçirilýär
Türkmenistan awiakompaniýasy onlaýn görnüşde petekleriň satuwyny dikeltdi, Türkmenistanda ýaş maşgalalar üçin ýeňillikli karzlaryň mukdary artdyryldy, we Aşgabat-Serhetabat ugry boýunça demir ýol gatnawy dikeldildi