Özbegistanda ummasyz möçberde türkmen manadyny satmaga synanyşan dört kişi tutuldy

Özbegistanda ummasyz möçberde türkmen manadyny satmaga synanyşan dört kişi tutuldy

Daşkent welaýatynda ummasyz möçberde türkmen manadyny resmi däl ýagdaýda satmaga synanyşan dört özbek raýaty tutuldy. Bu barada “Gazeta uz” neşiri Özbegistanyň Baş prokuraturasynyň guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş Departamentine we Döwlet howpsuzlyk Gullugyna salgylanyp habar berýär.

Iki gezek walýuta satmaga synanyşylandygy habar berilýär:

-Raýatlar R.B we O.A. dildüwişip R. atly raýata 77,9 müň manady 6,500 dollara (bir dollary 12 manatdan) satmaga synanyşypdyrlar.

-Raýatlar B.A we A.K. bolsa, R. atly raýata (onuň şol bir raýatdygy anyk däl) 213 müň türkmen manadyny 13 müň dollara we 60,1 milýon suma ( bir dollary 11,6 manada) satmaga çalyşypdyrlar.

Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 177 maddasy (walýuta gymmatlyklara bikanun eýe bolmak we olary bikanun satmak) boýunça tutulanlara garşy jenaýat işi gozgaldy.

Ýeterlik ummasyz möçberdäki türkmen manadyny kimiň we näme maksat bilen satyn almaga gyzyklanandygy anyk däl.

Ýatlatsak, häzir “gara bazarda” bir dollar 19,5 manatdan satyn alynýar we 19,7 manatdan satylýar.Dollaryň döwlet bahasy adatdakylar ýaly 3,5 manada deň.The post Özbegistanda ummasyz möçberde türkmen manadyny satmaga synanyşan dört kişi tutuldy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Jonni Deppi Karib deňziniň garakçylaryna gaýtaryp getirmekçi bolýarlar
Russiýada telefonlardan we telewizorlardan ýol gurlup başlandy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy
Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-niň Aksakgallar Geňeşiniň öz habar beriş serişdesini döretmek başlangyjyny öňe sürdi
Işewür ýedi sagat smartfondan ýüz öwren zenana pul sowgat berdi
Berdimuhamedow türki geňeşiň media giňişliginiň döredilmegine çagyrdy, Zaman gazetini nusga görkezdi
Ýaponiýaly adamlaryň gürrüňlerini diňläp olaryň öýünde mugt ýaşaýar