Özbegistanyň Garagalpagystan Awtonomiýasynda 14 adam göz tussaglygyna alyndy

Özbegistanyň Garagalpagystan Awtonomiýasynda 14 adam göz tussaglygyna alyndy

Özbegistanyň Baş Prokuraturasyndan berilen beýanatda, ýurduň konstitutsiýasynda Garagalpagystan Awtonom Respublikasynyň statusynyň degişli maddalaryna üýtgeşmeler we goşmaçalar girizilmegi bilen baglanşykly teklibiň gün tertibe getirilmeginden soň, 1-2-nji iýul aralygynda Garagalpagystanyň merkezi Nukus şäherinde başlan we ondan soň bikanun aksiýalara öwrülen wakalar bilen baglanşykly, 14 adamyň kosntitutsion düzgüni ortadan aýyrmaga synanyşyk günäsinden göz tussaglygyna alynandygy habar berildi.

Göz tussaglygyna alynanlaryň arasynda şol aksiýalaryň guramaçylary bolan Dawletmurad Tajymuradowyň we Azamat Turdanowyň hem bardygy bellenen beýanatda, häzirki wagtda ady agzalan wakalar bilen baglanşykly deslapky derňewleriň başladylandygy mälim edildi.

Özbegistanyň konstitutsiýasynda Garagalpagystan Awtonom Respublikasynyň statusy bilen baglanşykly degişli maddalara üýtgeşmeler we goşmaçalar giriziljekdigi bilen bagly teklipleriň gün tertibe gelmeginden soň 1-2-nji iýul aralygynda Garagalpagystanda protestler geçirilipdi.

Ýurduň Içeri işler ministrligi ady agzalan aksiýalaryň ýurduň konstitutsiýasynda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulan üýtgeşmeleri we goşmaçalary girizmegi ýalňyş beýan eden birnäçe adamdan ybarat topar tarapyndan geçirilendigi aýan edilipdi.

Hadysalar sebäpli ýurduň Prezidenti Şewket Mirziýoýew, protestleriň geçirilen ýeri bolan Nukus şäherine gidip, ol ýerdäki raýatlar bilen duşuşyk geçiripdi we Garagalpagystanyň statusynyň üýtgedilmejekdigini habar beripdi.

Mirziýoýew protestleriň dowam etmegi sebäpli gol çeken kararnamasy bilen Garagalpagystan Awtonom Respublikasynda 2-nji awgusta çenli adatdan daşary ýagdaý yglan edilipdi.

Başdan geçirilen wakalarda 4-si polisiýa işgäri 18 adam ýogalypdy, 38-i harby gullykçy bolan jemi 243 adam bolsa ýaralanypdy.

Ýene degişli makalalar

Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkiýe Özbegistana çagyryş berdi
Türkmen wekiliýeti Nukus şäherinde geçirilen üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşdy
Nukusda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna we türkmen-özbek dostlugynyň hormatyna çäre geçirildi
Özbegistanyň häkimiýetleriniň Garagalpagystan babatda “aýgytly hereketini” Türkmenistan goldaýar
Jumasapar Dädebaýewiň işi: aktiwist ogurlanandygyny we psihotropiki serişdeleriň ulanylandygyny aýdýar