Özbegistanyň jahankeşdelik pudagy ösüş görkezdi

Özbegistanyň jahankeşdelik pudagy ösüş görkezdi

Daşary ýurtlara syýahat edýän özbegistanly jahankeşdeleriň sany 2024-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda artdy we 4,06 million adama deň boldy. Özbegistanyň Statistika edarasyna salgylanýan Trend habarlar portalynyň ýazmagyna görä, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 37,2 göterim köpdür (geçen ýyl 1,1 mln adam).

Özbegistanyň raýatlary üçin iň meşhur jahankeşdelik ugry Gyrgyzystan bolup durýar (1,9 mln adam). Ikinji orunda 797600 adam bilen Täjigistan, ondan soňra 640200 adam görkeziji bilen Gazagystan gelýär.

Ady tutulan döwürde Özbegistana baran daşary ýurtly jahankeşdeleriň sany 5,04 mln adama deň boldy. Görkeziji geçen ýyldakydan 16,7 göterim köpdür (712 müň adam).

Özbegistana iň köp jahankeşde gelen ýurt Täjigistandyr 1,47 mln adam. Gyrgyzystan 1,45 mln adam, Gazagystan 1,02 mln adam bilen ilkinji üçlüge girdi. Olardan soňra Russiýa (535100 adam) we Türkmenistan (102900 adam) gelýär.

Ýene degişli makalalar

Oktýabrda 3 müňden gowrak türkmenistanly Azerbaýjana syýahat etdi
Ilatyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemezliginiň arasynda jaýlaryň diwarlarynda gara heň döreýär
Türkmenabatda alyjylar we bazar administrasiýasy sygyr etiniň bahasynyň üstünde dawalaşdy
Paýtagtyň çaglar bagynda körpelere zaýalanan azyk berilýär
Italiýa uzak ýaşlylaryň sany boýunça öňdeligi eýeledi
Türkmenistanyň statistika edarasy statistiki hasabatlary bermegiň sanly platformasyny işe girizdi